Ösüşleriň möhüm düzümi

22 Maý 2024
353

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň geografik taýdan amatly ýerde ýerleşýändigini nazarda tutup, ondan ýerlikli we netijeli peýdalanmagyň ähmiýetine uly baha berýär. Olar barada döwlet Baştutanymyz Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasynda eden çykyşynda: «Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça ýurdumyzyň döwrebap geçelgelerini birleşdirmek möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Bu wezipäni üstünlikli amala aşyrmakda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň ähmiýeti hem örän uludyr. Umumy uzynlygy 600 kilometre deň bolan bu awtomobil ýolunyň gurulmagy gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan döwrebap görnüşde dikeldilýändiginiň nobatdaky güwäsidir» diýip, örän adalatly belledi.

Gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň biziň sebitimizden geçendigine gojaman taryh şaýatdyr. Şol şöhratly ýol Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary arkaly täze many-mazmun bilen baýlaşdyryldy. Sanlyja ýyllarda ýurdumyzda kämil ýol-ulag düzümi döredildi. Milli Liderimiziň bu röwşen ýörelgesine hormatly Prezidentimiziň ynam bilen eýerýändigi guwandyrýar. Şonuň netijesinde döwrebap ýollar arkaly möhüm ýükler barha köp möçberlerde daşalýar, ýolagçylaryň gatnawy yzygiderli artýar. Hut biziň şäherimizde ýerleşýän kuwwatly kärhanalardan hem ýurdumyzyň çägine we daşary ýurtlara gymmatly harytlar üznüksiz ugradylýar. Biz şol ýükleriň awtoulaglar arkaly howpsuz daşalmagyny üpjün etmek ugrunda uly tagallalary edýäris.

Halmurat URUNOW,
Dänew etrap polisiýa bölüminiň Seýdi şäher polisiýa bölümçesiniň polisiýanyň ýol gözegçiligi toparynyň uly gözegçisi, polisiýanyň maýory.
Beýleki habarlar