Aziýanyň merjeni — ösüşleriň merkezi

22 Maý 2024
255

Hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş taglymatynyň gözbaşynda eziz Watanymyzyň mundan beýläkki ösüşini has-da ilerletmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, bolelinlikde ýaşamagyny gazanmak ugrundaky çäksiz tagallalar durýar.

Ýurdumyzyň ähli sebitlerini sazlaşykly ösdürmek, ýerlerde durmuş, medeni, iri önümçilik maksatly desgalary gurmak bilen bagly amala aşyrylýan ägirt uly işler bu ugurda aýratyn ähmiýete eýedir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Aziýanyň merjen şäheri Aşgabadymyz beýik ösüşler bilen dabaralanýar.

Dünýägözel ÇERKEZOWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar