25-nji maý — Aşgabat şäheriniň güni

22 Maý 2024
250

Ak mermerli Aşgabat bu gün diňe bir eziz ýurdumyzyň halkyny däl, eýsem, ol özüniň gözelligi, täsin binagärlik keşbi, täze belent jaýlary, gurluşyklaryň gerimi, durmuş maksatly binalaryň oýlanyşykly ýerleşişi bilen daşary ýurtlardan gelen myhmanlary hem haýran galdyrýar. Paýtagtymyzyň has gözel künjekleriniň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi merjen Aşgabadymyzyň ösüşindäki örän uly üstünlikleriň we gazanylanlaryň halkara derejesinde ykrar edilýändigini görkezýär.

Paýtagtymyzy ösdürmekdäki bahasyna ýetip bolmajak işleri, eziz Watanymyzyň şäher gurluşygyna goşan uly goşandy üçin Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa “Türkmenistanyň at gazanan arhitektory” diýen hormatly adyň dakylmagy halkymyz tarapyndan gyzgyn goldawa eýe boldy. Her ýylyň 25-nji maýynyň Aşgabat şäheriniň güni diýlip yglan edilmegi Aziýanyň merjen şäherine öwrülen, ak mermere beslenen paýtagtymyzyň halkara abraýyny mundan beýläk-de belende galdyrar.

Beýleki habarlar