"Garagum" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-83, 39-96-05, 39-96-07
Email: garagum_tm@sanly.tm

Habarlar

Şanly senä bagyşlandy

Ýakynda Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 28 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly maslahat baý many-mazmuna eýe boldy. Maslahatda Mejlisiň deputatlarynyň, Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň weteranlarynyň, ýaşuly nesliň wekilleriniň çykyşlaryna aýratyn orun berildi. Çykyşlarda hemişelik Bitaraplygymyzyň taryhy kökleri, onuň sebit we halkara derejedäki ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň edildi. Çykyş edenler ýurdumyzyň dünýäniň syýasy, ykdysady, ylmy, medeni-ruhy giňişliklerinde eýeleýän işjeň orny barada hem nygtap geçdiler. Maslahatyň aýdym-sazlar bilen utgaşmagy onuň täsirliligini has-da artdyrdy.

Belent maksatlary nazarlap

11-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň we halkara guramalaryň ýanyndaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine Bitarap döwletimiziň halkara giňişlikde alyp barýan daşary syýasatyna degişli möhüm meseleler girizildi. Mejlisiň dowamynda diplomatik gullugyň işgärlerini wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meselä hem seredildi. Döwlet Baştutanymyz 2023-nji ýylyň hem ýurdumyz üçin daşary syýasatda üstünlikli bolandygyny kanagatlanma bilen belledi. Ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik hyzmatdaşlygy dowam etdirjekdigine ünsi çekdi.

Uly toýuň şanyna

12-nji dekabrda halkymyz Halkara Bitaraplyk gününi we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda Kararnamanyň kabul edilmeginiň 28 ýyllygyny giňden belledi. Şol gün ir bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Watanymyzyň parahatçylyk, döredijilik, hoşniýetlilik taglymlaryna üýtgewsiz ygrarlylygynyň nyşany bolan Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy. Bitaraplyk binasynyň öňündäki meýdançada watandaşlarymyz we myhmanlar, «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara foruma, şeýle hem parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen daşary ýurt wekiliýetleriniň agzalary ýygnandylar. Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda Mejlisiň we Halk Maslahatynyň wekilleri, Hökümet agzalary, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň daşary döwletlerdäki ilçileri, ýurdumyzdaky diplomatik missiýalaryň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar.

Bitaraplyk — baky bagtyýarlyk

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda mähriban halkymyz hemişelik Bitaraplygymyzyň 28 ýyllyk toýuny gazanylan uly üstünlikler bilen toýlady. Hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan düýpli özgertmeleri ýurdumyzy beýik ösüşlere eýe etdi, halkara abraýyny has-da belende galdyrdy. Özboluşly ösüş ýoluny saýlap alan döwletimiziň syýasy, ykdysady we medeni durmuşynda gysga döwrüň içinde uly öňegidişlikler gazanyldy. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 50-nji sessiýasynda dünýä taryhynda ilkinji gezek 185 döwletiň ses bermeginde Türkmenistan hemişelik Bitaraplygyna eýe boldy. Bu diňe bir biziň ýurdumyz üçin däl, eýsem, Merkezi Aziýa üçin hem möhüm waka boldy.

Ajaýyp zamananyň ýaňy

Agzybir hem-de bagtyýar halkymyz türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 28 ýyllygyny belläp geçdi. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna uludan taýýarlyk görülýär. Goşa toý mynasybetli aýdym-sazly dabaralar, ylmy-amaly maslahatlar geçirilýär. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda hem bu döwletli işe talyp ýaşlar halypa mugallymlarynyň ýolbaşçylygynda uly höwes bilen işjeň gatnaşýarlar. Konserwatoriýanyň aýdym-saz toparlary şu dabaralar mynasybetli paýtagtymyzyň okuw mekdeplerinde, medeni-dynç alyş merkezlerinde döwrebap aýdym-sazlar esasynda gyzykly konsertleri guraýarlar. Ylmy maslahatlarda hemişelik Bitaraplygymyzyň taryhy kökleri, ähmiýeti dogrusynda çykyşlar guraldy. Ýurdumyz hemişelik Bitaraplygyny gazanan gününden bäri geçen 28 ýylyň içinde ykdysady taýdan tanalmaz derejede ösdi, özgerdi. Diýarymyz halkara gatnaşyklarynda hem mynasyp ornuny tapdy. Bu gün barha özgerýän ýurdumyz adamzadyň umumy bähbitleriniň hatyrasyna dünýäniň döwletleriniň ençemesi, iri halkara guramalary, şol sanda Birleşen Milletler Guramasy bilen özara hyzmatdaşlygy işjeň alyp barýar.

Mertebe münberi

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň kökleri halkymyzyň müňýyllyklara uzaýan taryhyndan gözbaş alýar. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallasy netijesinde hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz sebitde we bütin dünýäde parahatçylygyň hem-de asudalygyň rowaçlanmagyna goşant goşýan ýurt hökmünde giňden tanalýar. Golaýda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda mähriban halkymyz hemişelik Bitaraplygymyzyň 28 ýyllyk baýramçylygyny uludan belläp geçdi. Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň karary bilen 2015-nji ýyl «Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly» diýlip yglan edildi we şol ýylyň 3-nji iýunynda bolsa Türkmenistanyň baky Bitaraplygy BMG-niň nobatdaky mejlisinde bu gurama girýän ýurtlaryň 193-siniň goldawy esasynda ikinji gezek tassyklanyldy. BMG-niň taryhy çözgüdi bilen 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 12-nji dekabr — «Halkara bitaraplyk güni» diýlip yglan etmek hakynda Kararnamasy kabul edildi we şol ýylyň 18-nji fewralynda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017 — 2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy» kabul edildi.

Parahatçylyk — halklaryň arzuwy

11-nji dekabrda paýtagtymyzda Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 28 ýyllygy mynasybetli «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara forum geçirildi. Şanly sene — Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 28 ýyllygy mynasybetli Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň girelge zalynda ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalar bilen bilelikde baýramçylyk sergisi ýaýbaňlandyryldy.

Dost-doganlygyň owazy

12-nji dekabrda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 28 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi. Baýramçylyk çäresine Hökümet agzalary, Mejlisiň we Halk Maslahatynyň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, Türkmenistanyň daşary döwletlerdäki ilçileri, döredijilik işgärleri, hormatly ýaşulular, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Tomaşaçylaryň arasynda köpsanly daşary ýurtly myhmanlar, şol sanda paýtagtymyzda şanly baýramyň öňüsyrasynda geçirilen iri halkara forumlara gatnaşyjylar bar. Ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti «Bitarapdyr, parahatdyr illerim!» atly watançylyk mazmunly aýdym-sazly kompozisiýa bilen açyldy. «Dokmaçylar» folklor toparynyň ýerine ýetiren bu çykyşy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan parahatçylyk dörediji döwletimiziň häzirki döwrüne buýsanjy artdyrdy. Konserte gatnaşyjylar «Dünýä dursun parahat!» aýdymyny uly ruhubelentlik bilen garşylap, ony bilelikde ýerine ýetirdiler.

Parahatçylyk söýüjiligiň baýramy

Halkara Bitaraplyk güni hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 28 ýyllygy mynasybetli Balkanabat şäherindäki Baş baýdak meýdançasynda ýaýbaňlandyrylan dabara şatlyk-şowhuna beslendi. Welaýat, Balkanabat şäher häkimlikleriniň, edara-kärhanalaryň işgärleriniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, medeniýet işgärleriniň, il sylagly ýaşulularyň, kümüş saçly eneleriň, talyplaryň hem-de şäheriň ýaşaýjylarynyň agzybirlik bilen gatnaşmaklarynda geçirilen baýramçylyk dabarasy Döwlet senamyzyň belentden ýaňlanyp, mukaddes Tugumyzyň ýokary galdyrylmagy bilen başlandy. Dabarada söz nobatyny alanlar bu ýere ýygnananlary Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar. Çykyş edenleriň belläp geçişleri ýaly, dünýäniň iri bileleşigi tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanyp, onuň wezipelerine berk eýerýän ýurdumyz hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda dünýä döwletleri bilen hoşniýetli, dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde nusgalyk üstünliklere eýe bolýar. Munuň özi ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde, halkara üstaşyr ulag geçelgelerini döretmekde berkarar Watanymyz tarapyndan amala aşyrylýan taryhy taslamalarda, öňe sürülýän möhüm başlangyçlarda aýdyň ýüze çykýar. Dabarada baky Bitaraplygymyzyň mümkinçiliklerini şunuň ýaly ählu-mumy bähbitlere gönük

Bitaraplyk — ýörelgämiz

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ata Watanymyzyň asudalygyny we abadançylygyny, durmuş-ykdysady taýdan ösüşini üpjün etmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak we tutuş dünýäde parahatçylygy gorap saklamaga mynasyp goşant goşmak hem-de özara ynanyşmak ýörelgelerini berkitmek ýaly asylly maksatlary rowaçlyga beslenýär. Döwletimiziň daşary syýasatda gazanýan üstünlikleri dünýäniň ähli ýurtlary bilen deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Şunda ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan esasy ýörelgeleriň ähmiýeti bellärliklidir. Dünýä bileleşigi Türkmenistana ygtybarly hyzmatdaş hökmünde garaýar. Bu bolsa doganlyk döwletler bilen yzygiderli ösdürilýän söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlardaky barha netijeli häsiýete eýe bolýan gatnaşyklarda öz beýanyny tapýar. Döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk baýramynyň şanly 28 ýyllygy ata Watanymyzda hormatly Prezidentimize bolan söýgi-buýsanjymyzy artdyrýan taryhy wakalar bilen utgaşýar. Magtymguly atamyzyň: «Erer ol erkin mydam, //Budur türkmen binasy» diýip arzuwlan Garaşsyz, baky Bitarap döwleti bu günki gün Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynyň netijesinde ösüşleriň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen barýar. Täze taryhy eýýamda ýurdumyzy ähli ugurlarda belent derejelere

Üstünlikleriň gözbaşy

Ýurdumyz Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllaryndan özüniň daşary syýasatynyň esasy hökmünde bitaraplyk ýörelgesini saýlap aldy. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan oňa agza döwletleriň goldamagynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» Kararnamasy iki gezek kabul edildi. Milli Liderimiziň başlangyjy esasynda dünýä ähmiýetli işlere gönükdirilen daşary syýasaty alyp barýan Türkmenistan döwletimiziň gözel paýtagty Aşgabat şäherinde 2007-nji ýylda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi açyldy. Geçen döwürde Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan daşary syýasatynda uly tejribe toplady. Ýurdumyz dünýä we sebit derejesinde dostlukly gatnaşyklary ösdürmek, şeýle hem özara bähbitli syýasy, ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrunda umumadamzat ähmiýetli işleri durmuşa geçirýär. Eziz Diýarymyzyň daşary syýasat ugry dostluk, birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýar. Bu asylly ýörelgeler bolsa merdana ata-babalarymyzyň asyrlar aşyp gelýän milli ruhy-ahlak gymmatlyklaryna, däp-dessurlaryna daýanýar. Döwletimiziň dünýä halklarynyň arasynda dost-doganlygy berkitmek, parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna söwda-ykdysady, energetika, ulag-kommunikasiýa we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak babatda alyp barýan işleriniň halkara jemgyýetçilikde giň goldaw tapmagy şol gatnaşy

Halkara Bitaraplyk güni bellenilip geçildi

Guwanjymyzy goşalandyrdy Toý-baýramlara baý Watanymyzda ýene bir buýsançly senäniň dabarasy dünýä doldy. Halkara Bitaraplyk güni Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanymyzyň ähli ýerinde şatlyk-şagalaňa beslenip bellenilip geçildi. Şu baýramçylyk mynasybetli baýramçylyk çäreleri giňden ýaýbaňlandyrylyp, olarda ýaňlanan aýdym-sazlaryň buýsançly ýaňy alyslara aşdy. Garaşsyz Türkmenistanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 28 ýyllygynyň uly toýy türkmen halkynyň guwanjyny goşalandyrdy.

Şanly baýram mynasybetli

12-nji dekabrda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 28 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi. Sebitde hem-de dünýäde, ýurtlaryň, halklaryň arasyndaky gatnaşyklarda, parahatçylyk medeniýetiniň möhüm şerti hökmünde döwletimiziň durmuşa geçirýän daşary syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň nyşany bolan bu dabara döwlet hem-de halkara derejede aýratyn ähmiýete eýedir. Baýramçylyk çäresine Hökümet agzalary, Mejlisiň we Halk Maslahatynyň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, Türkmenistanyň daşary döwletlerdäki ilçileri, döredijilik işgärleri, hormatly ýaşulular, talyp ýaşlar gatnaşdy. Tomaşaçylaryň arasynda köp sanly daşary ýurtly myhmanlar, şol sanda paýtagtymyzda şanly baýramyň öňüsyrasynda geçirilen iri halkara forumlara gatnaşyjylar hem bar.

Dialog — parahatçylygyň kepili

11-nji dekabrda paýtagtymyzda Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 28 ýyllygy mynasybetli «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara forum geçirildi. Forum ýokary derejedäki umumy mejlis bilen açyldy. Oňa Hökümet agzalary, Mejlisiň wekilleri, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky hem-de daşary döwletleriň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň, abraýly halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň we onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň ýolbaşçylary, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, professor-mugallymlar we talyplar gatnaşdy.

Aşgabatda Bitaraplygyň dostlary toparynyň mejlisi geçirildi

11-nji dekabrda paýtagtymyzda utgaşykly görnüşde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň ýokary derejedäki mejlisi geçirildi. Duşuşyga Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň wekilleri, şeýle hem halkara, sebit guramalarynyň ýolbaşçylarydyr işgärleri gatnaşdy. Şu gezekki mejlise gatnaşyjylar öz çykyşlarynda netijeli halkara hyzmatdaşlygy ilerletmekde we ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmagyň gurallaryny işjeň ulanmakda ýurdumyzyň eýeleýän ornuna ýokary baha berdiler. Olar häzirki döwrüň ýagdaýlaryny, dünýä ösüşiniň meýillerini göz öňünde tutmak bilen, BMG-niň Tertipnamasynyň ýörelgeleriniň hem-de halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalarynyň esasynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp düzmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy

Aşgabat, 12-nji dekabr (TDH). Şu gün halkymyz Halkara Bitaraplyk gününi we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda Kararnamanyň kabul edilmeginiň 28 ýyllygyny giňden belleýär. Bu şanly baýramçylyk parahatçylygy, durnuklylygy, ähli döwletler bilen özara hormat goýmak we deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan dostlukly gatnaşyklary, halkymyzyň mizemez jebisligini alamatlandyrýar. Ir bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Watanymyzyň parahatçylyk, döredijilik, hoşniýetlilik taglymlaryna üýtgewsiz ygrarlylygynyň nyşany bolan Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy.

Ählumumy parahatçylygyň we döredijiligiň hormatyna baýramçylyk dabarasy

Halkara Bitaraplyk güni we Watanymyzyň Bitaraplyk baýramy mynasybetli döredijilik çäresi Aşgabat, 12-nji dekabr (TDH). Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 28 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi. Sebitde hem-de dünýäde, ýurtlaryň, halklaryň arasyndaky gatnaşyklarda, parahatçylyk medeniýetiniň möhüm şerti hökmünde döwletimiziň durmuşa geçirýän daşary syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň nyşany bolan bu dabara döwlet hem-de halkara derejede aýratyn ähmiýete eýedir.

Türkmenistanyň Prezidenti Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy

Aşgabat, 12-nji dekabr (TDH). Şu gün halkymyz Halkara Bitaraplyk gününi we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda Kararnamanyň kabul edilmeginiň 28 ýyllygyny giňden belleýär. Bu şanly baýramçylyk parahatçylygy, durnuklylygy, ähli döwletler bilen özara hormat goýmak we deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan dostlukly gatnaşyklary, halkymyzyň mizemez jebisligini alamatlandyrýar. Ir bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Watanymyzyň parahatçylyk, döredijilik, hoşniýetlilik taglymlaryna üýtgewsiz ygrarlylygynyň nyşany bolan Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy.

Ählumumy parahatçylygyň we döredijiligiň hormatyna baýramçylyk dabarasy

Halkara Bitaraplyk güni we Watanymyzyň Bitaraplyk baýramy mynasybetli döredijilik çäresi Aşgabat, 12-nji dekabr (TDH). Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 28 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi. Sebitde hem-de dünýäde, ýurtlaryň, halklaryň arasyndaky gatnaşyklarda, parahatçylyk medeniýetiniň möhüm şerti hökmünde döwletimiziň durmuşa geçirýän daşary syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň nyşany bolan bu dabara döwlet hem-de halkara derejede aýratyn ähmiýete eýedir.

Bitaraplyk ýoly — abadançylyk ýoly

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň dünýä ýüzünde ykrar edilmeginiň şanly 28 ýyllyk baýramy uly dabaralara beslendi. Bu şanly waka biziň her birimize mähriban Watanymyzyň halkara giňişliginde eýeleýän mynasyp ornuna, dünýä we sebit ähmiýetli başlangyçlarynyň gymmatyna çuňňur düşünmäge, hemişelik Bitaraplygymyzyň bize beren mümkinçiliklerine we olary durmuşa geçirip, döredijilikli ösüşlere beslenýän ýolumyza ýene bir gezek buýsanmaga ajaýyp mümkinçilik berýär. Eziz Watanymyz BMG tarapyndan dünýäde ilkinji bolup ykrar edilen Bitarap döwletdir. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 50-nji mejlisinde, agza döwletleriň biragyzdan goldamagy bilen, «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy» Rezolýusiýasy kabul edildi. Bu bolsa bir döwletiň bitaraplygynyň döwletleriň şeýle köplügi bilen tassyklanmagy dünýä taryhynda ilkinji ýagdaýdyr. Bu türkmen halkynyň köp asyrlyk taryhynda deňi-taýy bolmadyk, bahasyny hiç zat bilen ölçäp bolmajak şanly wakadyr. Hemişelik Bitarap Türkmenistan sebitde we dünýäde parahatçylygy saklamak, durnukly ösüşi üpjün etmek işine uly goşant goşýar. BMG bilen strategiki hyzmatdaşlyk etmek baky Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar we şeýle bolmagynda galýar. Birleşen Milletler Guramasynyň belent ynsanperwerlik taglymatlary bolan döwletleriň hem-de halklary