Aşgabatda Bitaraplygyň dostlary toparynyň mejlisi geçirildi

13 Dekabr 2023
700

11-nji dekabrda paýtagtymyzda utgaşykly görnüşde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň ýokary derejedäki mejlisi geçirildi. Duşuşyga Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň wekilleri, şeýle hem halkara, sebit guramalarynyň ýolbaşçylarydyr işgärleri gatnaşdy.

Şu gezekki mejlise gatnaşyjylar öz çykyşlarynda netijeli halkara hyzmatdaşlygy ilerletmekde we ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmagyň gurallaryny işjeň ulanmakda ýurdumyzyň eýeleýän ornuna ýokary baha berdiler. Olar häzirki döwrüň ýagdaýlaryny, dünýä ösüşiniň meýillerini göz öňünde tutmak bilen, BMG-niň Tertipnamasynyň ýörelgeleriniň hem-de halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalarynyň esasynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp düzmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

«Watan».