Belent maksatlary nazarlap

13 Dekabr 2023
667

11-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň we halkara guramalaryň ýanyndaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine Bitarap döwletimiziň halkara giňişlikde alyp barýan daşary syýasatyna degişli möhüm meseleler girizildi. Mejlisiň dowamynda diplomatik gullugyň işgärlerini wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meselä hem seredildi.

Döwlet Baştutanymyz 2023-nji ýylyň hem ýurdumyz üçin daşary syýasatda üstünlikli bolandygyny kanagatlanma bilen belledi. Ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik hyzmatdaşlygy dowam etdirjekdigine ünsi çekdi.