Şanly baýram mynasybetli

13 Dekabr 2023
740

12-nji dekabrda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 28 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi. Sebitde hem-de dünýäde, ýurtlaryň, halklaryň arasyndaky gatnaşyklarda, parahatçylyk medeniýetiniň möhüm şerti hökmünde döwletimiziň durmuşa geçirýän daşary syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň nyşany bolan bu dabara döwlet hem-de halkara derejede aýratyn ähmiýete eýedir.

Baýramçylyk çäresine Hökümet agzalary, Mejlisiň we Halk Maslahatynyň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, Türkmenistanyň daşary döwletlerdäki ilçileri, döredijilik işgärleri, hormatly ýaşulular, talyp ýaşlar gatnaşdy. Tomaşaçylaryň arasynda köp sanly daşary ýurtly myhmanlar, şol sanda paýtagtymyzda şanly baýramyň öňüsyrasynda geçirilen iri halkara forumlara gatnaşyjylar hem bar.

«Watan».