Şanly senä bagyşlandy

14 Dekabr 2023
769

Ýakynda Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 28 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly maslahat baý many-mazmuna eýe boldy.

Maslahatda Mejlisiň deputatlarynyň, Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň weteranlarynyň, ýaşuly nesliň wekilleriniň çykyşlaryna aýratyn orun berildi. Çykyşlarda hemişelik Bitaraplygymyzyň taryhy kökleri, onuň sebit we halkara derejedäki ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň edildi. Çykyş edenler ýurdumyzyň dünýäniň syýasy, ykdysady, ylmy, medeni-ruhy giňişliklerinde eýeleýän işjeň orny barada hem nygtap geçdiler. Maslahatyň aýdym-sazlar bilen utgaşmagy onuň täsirliligini has-da artdyrdy.

(Ýörite habarçymyz).