Üstünlikleriň gözbaşy

13 Dekabr 2023
528

Ýurdumyz Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllaryndan özüniň daşary syýasatynyň esasy hökmünde bitaraplyk ýörelgesini saýlap aldy. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan oňa agza döwletleriň goldamagynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» Kararnamasy iki gezek kabul edildi. Milli Liderimiziň başlangyjy esasynda dünýä ähmiýetli işlere gönükdirilen daşary syýasaty alyp barýan Türkmenistan döwletimiziň gözel paýtagty Aşgabat şäherinde 2007-nji ýylda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi açyldy. Geçen döwürde Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan daşary syýasatynda uly tejribe toplady. Ýurdumyz dünýä we sebit derejesinde dostlukly gatnaşyklary ösdürmek, şeýle hem özara bähbitli syýasy, ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrunda umumadamzat ähmiýetli işleri durmuşa geçirýär.

Eziz Diýarymyzyň daşary syýasat ugry dostluk, birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýar. Bu asylly ýörelgeler bolsa merdana ata-babalarymyzyň asyrlar aşyp gelýän milli ruhy-ahlak gymmatlyklaryna, däp-dessurlaryna daýanýar. Döwletimiziň dünýä halklarynyň arasynda dost-doganlygy berkitmek, parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna söwda-ykdysady, energetika, ulag-kommunikasiýa we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak babatda alyp barýan işleriniň halkara jemgyýetçilikde giň goldaw tapmagy şol gatnaşyklaryň ajaýyp zamanamyzda rowaçlanýandygyny görkezýär.

Halbibi TÄÇMÄMMEDOWA,
Türkmenbaşy şäherindäki 3-nji orta mekdebiň müdiri.