Bitaraplyk — baky bagtyýarlyk

13 Dekabr 2023
880

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda mähriban halkymyz hemişelik Bitaraplygymyzyň 28 ýyllyk toýuny gazanylan uly üstünlikler bilen toýlady.

Hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan düýpli özgertmeleri ýurdumyzy beýik ösüşlere eýe etdi, halkara abraýyny has-da belende galdyrdy. Özboluşly ösüş ýoluny saýlap alan döwletimiziň syýasy, ykdysady we medeni durmuşynda gysga döwrüň içinde uly öňegidişlikler gazanyldy. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 50-nji sessiýasynda dünýä taryhynda ilkinji gezek 185 döwletiň ses bermeginde Türkmenistan hemişelik Bitaraplygyna eýe boldy. Bu diňe bir biziň ýurdumyz üçin däl, eýsem, Merkezi Aziýa üçin hem möhüm waka boldy.

Arslan GURBANNAZAROW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.