Mertebe münberi

13 Dekabr 2023
553

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň kökleri halkymyzyň müňýyllyklara uzaýan taryhyndan gözbaş alýar. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallasy netijesinde hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz sebitde we bütin dünýäde parahatçylygyň hem-de asudalygyň rowaçlanmagyna goşant goşýan ýurt hökmünde giňden tanalýar. Golaýda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda mähriban halkymyz hemişelik Bitaraplygymyzyň 28 ýyllyk baýramçylygyny uludan belläp geçdi.

Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň karary bilen 2015-nji ýyl «Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly» diýlip yglan edildi we şol ýylyň 3-nji iýunynda bolsa Türkmenistanyň baky Bitaraplygy BMG-niň nobatdaky mejlisinde bu gurama girýän ýurtlaryň 193-siniň goldawy esasynda ikinji gezek tassyklanyldy. BMG-niň taryhy çözgüdi bilen 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 12-nji dekabr — «Halkara bitaraplyk güni» diýlip yglan etmek hakynda Kararnamasy kabul edildi we şol ýylyň 18-nji fewralynda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017 — 2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy» kabul edildi.

Şemşat ÖWEZOWA,
Aşgabat şäher häkimliginiň 21-nji ýöriteleşdirilen terbiýeçilik-okuw mekdebiniň mugallymy.