Uly toýuň şanyna

13 Dekabr 2023
718

12-nji dekabrda halkymyz Halkara Bitaraplyk gününi we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda Kararnamanyň kabul edilmeginiň 28 ýyllygyny giňden belledi. Şol gün ir bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Watanymyzyň parahatçylyk, döredijilik, hoşniýetlilik taglymlaryna üýtgewsiz ygrarlylygynyň nyşany bolan Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy.

Bitaraplyk binasynyň öňündäki meýdançada watandaşlarymyz we myhmanlar, «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara foruma, şeýle hem parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen daşary ýurt wekiliýetleriniň agzalary ýygnandylar. Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda Mejlisiň we Halk Maslahatynyň wekilleri, Hökümet agzalary, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň daşary döwletlerdäki ilçileri, ýurdumyzdaky diplomatik missiýalaryň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar.