Dialog — parahatçylygyň kepili

13 Dekabr 2023
539

11-nji dekabrda paýtagtymyzda Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 28 ýyllygy mynasybetli «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara forum geçirildi.

Forum ýokary derejedäki umumy mejlis bilen açyldy. Oňa Hökümet agzalary, Mejlisiň wekilleri, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky hem-de daşary döwletleriň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň, abraýly halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň we onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň ýolbaşçylary, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, professor-mugallymlar we talyplar gatnaşdy.

«Watan».