Ählumumy parahatçylygyň we döredijiligiň hormatyna baýramçylyk dabarasy

13 Dekabr 2023
416

Halkara Bitaraplyk güni we Watanymyzyň Bitaraplyk baýramy mynasybetli döredijilik çäresi

Aşgabat, 12-nji dekabr (TDH). Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 28 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi. Sebitde hem-de dünýäde, ýurtlaryň, halklaryň arasyndaky gatnaşyklarda, parahatçylyk medeniýetiniň möhüm şerti hökmünde döwletimiziň durmuşa geçirýän daşary syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň nyşany bolan bu dabara döwlet hem-de halkara derejede aýratyn ähmiýete eýedir.