Ajaýyp zamananyň ýaňy

13 Dekabr 2023
663

Agzybir hem-de bagtyýar halkymyz türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 28 ýyllygyny belläp geçdi. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna uludan taýýarlyk görülýär. Goşa toý mynasybetli aýdym-sazly dabaralar, ylmy-amaly maslahatlar geçirilýär.

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda hem bu döwletli işe talyp ýaşlar halypa mugallymlarynyň ýolbaşçylygynda uly höwes bilen işjeň gatnaşýarlar. Konserwatoriýanyň aýdym-saz toparlary şu dabaralar mynasybetli paýtagtymyzyň okuw mekdeplerinde, medeni-dynç alyş merkezlerinde döwrebap aýdym-sazlar esasynda gyzykly konsertleri guraýarlar. Ylmy maslahatlarda hemişelik Bitaraplygymyzyň taryhy kökleri, ähmiýeti dogrusynda çykyşlar guraldy. Ýurdumyz hemişelik Bitaraplygyny gazanan gününden bäri geçen 28 ýylyň içinde ykdysady taýdan tanalmaz derejede ösdi, özgerdi. Diýarymyz halkara gatnaşyklarynda hem mynasyp ornuny tapdy. Bu gün barha özgerýän ýurdumyz adamzadyň umumy bähbitleriniň hatyrasyna dünýäniň döwletleriniň ençemesi, iri halkara guramalary, şol sanda Birleşen Milletler Guramasy bilen özara hyzmatdaşlygy işjeň alyp barýar.

Gözel AÝNAZAROWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Jemgyýeti öwreniş ylymlary» kafedrasynyň müdiri.