"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Edep bir täçdir

Ynsany bezeýän ajaýyp häsiýetleriň biri onuň edebidir. Ata-ene perzentlerini terbiýeli, süňňi halal, päk ahlakly, adamkärçilikli, Watana wepaly, zähmetsöýer, ar-namysly edip ýetişdirmek üçin uly alada edýär. Bu geçmişde-de şeýle bolupdyr. Nusgawy edebiýatymyza ser salanymyzda, olaryň ençemesiniň öwüt-ündew äheňlidiginden çen tutsaň, munuň şeýledigine aňryýany bilen göz ýetirýärsiň. Olardan miras galan bu asylly gymmatlyklarymyz häzirki bagtyýar döwrümiziň buýsançly, gujurly, asylly ýaşlaryna ýol görkezijidir. Bu mukaddes ýörelgede sagdyn jemgyýet, kämil döwlet, abadan ojak bitewüligi jemlenýär. Edep-ekram, arassa ahlaklylyk maşgalanyň berkliginiň görkezijisi bolupdyr. Terbiýeli, sagdyn ruhly maşgala bolsa, jemgyýetiň, döwletiň daýanjy bolup durýar. Näme üçindir, edep-ekram hakynda söz açanymyzda, ilki bilen, Aý ýüzli, şirin sözli zenanlarymyz göz öňüne gelýär. Türkmen zenanlarynyň ajaýyp keşbi asyrlarboýy halkymyzyň aýawly garaýan mukaddesligi bolup gelipdir. Olar taryhyň ähli döwürlerinde-de özleriniň asyllylygy, mähribanlygy, maşgalasyna wepalylygy, eliniň çeperligi bilen saýlanypdyrlar. Olar gerek ýerinde erkekler bilen deň durup, ata Watany, ene topragy, milletiň ar-namysyny goramakda gaýduwsyzlyk görkezipdirler. «Oguznama», «Gorkut ata», «Görogly» ýaly eserlerimizde zenan akylynyň, paýhasynyň, wepalylygynyň ajaýyp nusgasyna göz ýetirmek bolýar. «Gorkut ata» eposynda

Aziýanyň göwher gaşy

Bu gün durmuşyň dürli ugurlarynda ösüş-özgerişlere beslenen mähriban Watanymyzyň paýtagty Aşgabady görmäge göz gerek. Belent başly binalaryň gözel keşbi, ajaýyp şertleri diňe bir ildeşlerimizi däl, eýsem, myhmanlaryň kalbynda-da gözelligiň göwheri bolup, ýakymly duýgulary oýarýar. Gözellik bolsa ynsanlaryň göwnüni galkyndyrýar, kalbyny ajaýyp duýgulardan doldurýar. Şeýle gözel görnüş şirin dilli şahyrlaryň ýüreginde döredijilik joşgunyny döredýär. Şahyrlarymyzyň mähriban Watanymyzy, onuň merjen paýtagty Aşgabady wasp etmedigi az bolsa gerek. Hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen geçen sanlyja ýyllaryň içinde gurlan täsin ýaşaýyş jaýlarydyr mekdepler, çagalar baglarydyr edara-kärhanalaryň belent binalary, sport, medeniýet toplumlary özboluşly gözelligi, döwrebap şertleri bilen ünsüňi özüne çekýär. Mähriban paýtagtymyzyň örän owadan hem belent myhmanhanalary diňe bir biziň raýatlarymyzy däl, eýsem, bu ýere gelýänleriň her birini haýran galdyrýar. Ýaşyl öwsüp oturan arçalaryň, täsin gülleriň gyş paslynda-da öz gözelligi bilen paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň ruhuna ruh, şatlygyna şatlyk goşýar. Adamyň ruhy belent bolanda, daş-töweregi tebigy gözellikler bilen gurşalanda, onuň şähdaçyk bolmagyna, has döredijilikli zähmet çekmegine itergi berýär. Paýtagtymyzyň «Arkadag» binasy, «Abadançylyk», «Ak bugdaý» binalary, «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkezi, şeýle hem «Älem» meden

Ak şäheriň şuglasy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen günsaýyn gözel keşbe eýe bolýan ak şäherimiz Aşgabat häzirki wagtda dünýäniň iri, has ösen we ýaşamak üçin amatly şäherleriniň hatarynda mynasyp orun aldy. Ýer ýüzünde ak mermerli binalaryň şäheri hökmünde giňden tanalýan paýtagtymyzda gurulýan desgalaryň her biri gaýtalanmajak sungat eseri hasaplanýar. Munuň şeýledigine Aşgabadyň birnäçe desgalarynyň binagärlik aýratynlygy boýunça Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyndan orun alandygy hem aýdyň şaýatlyk edýär. Milli Liderimiziň ýurdumyzyň paýtagtyny dünýäniň döwrebap we ösen şäherleriniň hataryna çykarmak ugrunda sanlyja ýylyň içinde ägirt uly işleri amala aşyrandygyny aýratyn bellemek gerek. Geçen sanlyja ýyllaryň içinde Aşgabatda iri binagärlik taslamalarynyň ençemesi üstünlikli durmuşa geçirildi. Muňa mysal edip paýtagtymyzy ösdürmegiň 14-nji, 15-nji we 16-njy tapgyrlarynyň çäginde gurlan desgalary, Parahat 7, Çoganly ýaşaýyş toplumlaryny görkezmek bolar.

Bagbanlaryň gyş aladalary

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban Watanymyz hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen barha özgerip, ösüşleriň belent sepgitlerine ýetdi. Üstünlikli amala aşyrylýan beýik özgertmeler paýtagtymyzy bagtyýarlyk mekanyna öwürdi. Jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini yzygiderli alyp barýan, sport bilen meşgullanmakda bütin halkymyza nusgalyk görelde bolýan, ýurdumyzda ekologiýa medeniýetini ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýän Gahryman Arkadagymyz gözel paýtagtymyzy bu ugurlarda nusgalyk şähere öwürdi. Paýtagtymyzyň arassaçylygy, abadançylygy, bagy-bossanlygy biziň her birimiziň buýsanjymyz. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny uly zähmet üstünliklerine besleýän, işine ussat bagbanlarymyz ýetip gelýän şanly baýramlara şu günlerden uludan taýýarlyk görýärler. Berkararlyk etrabynyň Bagçylyk müdirligine degişli bolan bagbanlar toparlary arassalaýyş, abadanlaşdyryş, baglary timarlaýyş işlerini üstünlikli alyp barýarlar. Olar ýetip gelýän ýaz paslynda ösýän gülleri ekmäge-de ýerleri taýýarlaýarlar. Ezber elli bagbanlar özlerine berkidilen köçeleri, şaýollary, seýilgähleri, edara-binalaryň daş-töweregini arassalap, bag nahallaryny oturdýarlar, gyş gülleriniň idegini ýetirip, ösdürýärler.

Möhüm waka taýýarlyk

2019-njy ýylyň sentýabrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Garaşsyz Watanymyzyň paýtagty Aşgabat şäherinde bolup geçen ikinji mejlisinde hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda üstünlikli amala aşyrylýan konstitusion özgertmeleriň täze tapgyryna badalga berdi. Milli Liderimiz şol mejlisde eden çykyşynda ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň baş maksadynyň jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan adama, onuň bähbitlerine hyzmat etjek häkimiýetiň wekilçilikli edaralarynyň, ýagny, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň işini kämilleşdirmekden, şeýle hem, kanun çykaryjylyk işini amala aşyrýan edaralaryň iki palataly ulgamyny döretmekden, demokratik institutlaryň işini has ýokary derejelere çykarmakdan ybaratdygyny nygtap belledi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň geçen ýylyň sentýabrynda, Garaşsyzlyk baýramynyň öň ýanynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisinde ykbal kesgitleýji taryhy çözgütler kabul edildi. “Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasyny makullamak hakynda Karar şeýle çözgütleriň biri boldy. Bu Kanunyň güýje girmegi bilen ýurdumyzda iki palatadan ybarat parlament — Mejlisden we Halk Maslahatyndan ybarat Milli Geňeş döredildi. Şeýle-de, mejlisiň barşynda “Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň b

Derwaýys meselelere garaldy

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylyna gadam basan türkmen halky Beýik Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyny mynasyp garşylamak maksady bilen döredijilikli zähmet çekýär. Şeýle tutumly işlerde telekeçilerimiziň saldamly goşantlaryny ýatlaman bolmaz. Olar diňe bir ýurdumyzda haryt bolçulygyny döretmek bilen çäklenmän, harytlaryny we önümlerini daşary ýurtlara ibermekde- -de uly tagallalary edýärler. Golaýda Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň mejlisler jaýynda geçirilen maslahat hem ýokarda ýatlan meselämize bagyşlandy. Maslahaty TSTP-niň welaýat komiteti we Mary welaýat gümrükhanasy bilelikde guradylar. Oňa TSTP-niň welaýat komitetiniň işgärleri, işjeň agzalary, telekeçiler hem-de welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçylary gatnaşdylar. Işjeň ýagdaýda geçen maslahatda welaýat gümrükhanasynyň müdiriniň orunbasary, podpolkownik Baýramgeldi Annaýew, şu gümrükhananyň gümrük gözegçiligi bölüminiň müdiri, maýor Maksat Agajanow, TSTP-niň welaýat komitetiniň başlygy Täzegül Jumadurdyýewa, “Miweli ülke” hususy kärhanasynyň hünärmeni Agamyrat Döwletmyradow çykyş etdiler. Olar hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda gazanylýan üstünlikler barada durup geçdiler. Soňky ýyllarda welaýatymyzyň telekeçileriniň ýokary hilli we bäsleşige ukyply harytlarydyr önümlerini daşary bazarlara çykarmakda bitirilýän işler dogrusynda gürrüň etdiler. Telekeç

Ýürekden bir sözüm bar

Hoşallyk duýgusy Baky bagtyýarlygy baýdak edinip, Bitaraplygyň beren miweleriniň hözirini görüp ýaşaýan bagtly halkymyzyň her bir güni ýatdan çykmajak taryhy wakalara, şanly senelere beslenýär. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylymyzyň ilkinji günleri raýatlarymyzyň kalbyna uly şatlyk bolup doldy.

Işler guramaçylykly barýar

Welaýat jemagat hojalygy birleşiginiň Baýramaly şäher ýaşaýyş jaý ulanyş müdirliginiň zähmetsöýer adamlary tutanýerli işleýärler. Bu ugurdan köpýyllyk iş tejribeli ýolbaşçy Atageldi Kylyçdurdyýew tarapyndan dolandyrylýan kärhanada meýilnamalar artygy bilen ýerine ýetirilýär. Ýurt Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň şan-şöhratly baýramyna zähmet sowgatly barýan müdirlikde uly üstünlikler gazanylýar. Olar jaýlaryň üçeklerinde bejergi işlerini geçirýärler. Ýerzeminleri arassa saklaýarlar, edaralaryň, täze ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna ýakyndan goldaw berýärler. Ýyladyş hem-de lagym ulgamlarynyň talaba laýyk işlemegini üpjün edýärler. Şäher bagy-bossanlyga öwrülip, zeýsuw akabalarynyň kadaly hereketiniň gazanylmagyny ýola goýýarlar. Şeýle işleriň hemişe göwnejaý dowam etdirilýändiginden şäheriň ýaşaýjylary örän hoşal bolýarlar. Müdirligiň bagtyýarlyk zamanamyzda abraýly işlemeginde hormatly Prezidentimiz tarapyndan daşary ýurtlardan satyn alnyp berilýän awtoulaglary her bir işiň ilerlemegine köp peýda berýär. “KAMAZ” kysymly awtomaşynlar ýükleri daşamakda we beýleki hyzmatlarda uly goldaw bolýar. Tehnikalary netijeli ulanmakda tejribeli sürüjiler Perman Jumaýew, Bäşim Çaryýew, Şatlyk Durdyýew tapawutly işleýärler. Olar özlerine ynanylan kuwwatly hem ýokary iş öndürijilikli awtoulaglary gurat hem bökdençsiz işledýärler.

Sport. Sport. Sport.

Watan goragçylarynyň hemrasy Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylymyzda harby gullukçylaryň sporta we sagdyn durmuş ýörelgesine bolan endiklerini pugtalandyrmak maksady bilen hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň nusgalyk göreldesinden we “Halkymyzyň durmuşynda pugta orun alan sagdynlyk we ruhubelentlik ýörelgeleri merdana watançylaryň durmuşynyň esasy mazmunyny eýeleýär” diýen sözlerinden ugur alyp, welaýat gümrükhanasynyň işgärleri sport bilen yzygiderli meşgullanýarlar.

Asudalygyň goragynda

Ýadawsyz tagallalaryň netijesi Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda türkmen halky uly üstünliklere, taryhy wakalara beslenen Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylyny ýokary netijeler bilen jemledi. Ýokary ruhubelentlik, uly ynam bilen täze — 2021-nji ýyla gadam basan il-günümiz döredijilikli zähmet çekýär, gurýar we döredýär. Ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda belent sepgitlere ýetilýär. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleri ýylsaýyn ýokarlanýar.

Wagyz-nesihat çäreleri

Wagyz-nesihat işleri Ahal welaýat Polisiýa müdirligi, Ak bugdaý etrap häkimligi we Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ak bugdaý etrap komitetiniň bilelikde guramagynda ýurdumyzda hereket edýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde howanyň sowamagy bilen bagly döräp biljek keselleriň öňüni almak, ynsan saglygyny goramak, arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmek maksady bilen etrabyň çäginde ýerleşýän edara-kärhanalarda, orta mekdeplerde we çagalar baglarynda zähmet çekýän raýatlaryň arasynda yzygiderli wagyz-nesihat çäreleri geçirilýär.

Suw näme diýýär?

Alty ganat ak öýde aga-ýana ýaýnap ýatan Erkin baý kemsiz ýetişen görkana gyzyny mynasyp ýere durmuşa çykarmagyň pikirini edýärdi. Ol birsalym ojakdaky ojar oduna gaýnap duran mis tüňçäniň lakyrdysyny gözüni süzüp diňledi. Birdenem onuň aladaly ýüzüne şatlyk nury çaýyldy. Şol günüň ertesi obalara ýaň salýan jarçynyň sesi hemmeleri haýran galdyrdy: — Halaýyk, eşitdim, eşitmedim diýmäň, how! Erkin baý gaýnaýan suwuň näme diýýänini düşündiren, ýüňü ýeten goç ýigide galam gaşly, hünji dişli, akyl-huşly, güler ýüzli, şirin sözli Gülaýym atly gyzyny nikalap berip, ýedi günläp toý tutjakdyr-la, how! Gerçek goç ýigitler! Erkin baýyň paýhas synagyndan geçmäge howlugyň how! Gaýnaýan suwuň diline düşünip, manysyny tiriň, how! Munuň üçin jöwher paýhas gerekdir-le, how!

Ene hakda dana sözler

Enesini, atasyny närazy eden adamdan men bizardyryn. Muhammet pygamber.

Umumadamzat gymmatlygy

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde yglan eden «Gahryman Arkadagyň kitaby umumadamzat gymmatlygydyr» atly bäsleşigiň Balkanabat şäher tapgyry geçirildi. Welaýat kitaphanasynda hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby esasynda geçirilen bäsleşige dürli ulgamlarda zähmet çekýän zenanlar gatnaşdylar. Milli Liderimiziň jöwher paýhasyndan dörän «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby has içgin öwrenmegi, onuň terbiýeçilik ähmiýetini wagyz etmegi, kitabyň üsti bilen halkymyzyň asylly ýol-ýörelgeleriniň, milli ruhy gymmatlyklarymyzyň ähmiýetini, halypa-şägirtlik ýolunyň dowam etdirilmegini, türkmen gelin-gyzlarynyň edep-ekramlylygyny hem-de eziz Diýarymyzyň dünýä nusgalyk ösüşlerini wagyz etmegi maksat edinen bäsleşige gatnaşanlar ýurdumyzyň ösüşlerini buýsanç bilen wasp etdiler. Mähriban Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp kitabyndan bir parçany labyzly okadylar. ªeýle-de eserde beýan edilen rowaýatlardan, wakalardan pursatlary sahnalaşdyrdylar. Kitabyň özlerinde galdyran täsirini çeper sözler bilen wasp etdiler, aýdymyň, dessanyň, goşgynyň, gazalyň üsti bilen ajaýyp eseriň waspyny ýetirdiler.

Kalbymyzyň aýdymy

Garaşsyzlyk türkmen halkyny diňe bir milli bitewülige däl, ruhy bitewülige-de eýe etdi. Bu mukaddeslik biziň her birimiziň kalbymyzyň aýdymyna öwrüldi. Garaşsyz ýurduň raýaty, ýurtda bolýan şeýle beýik özgerişleriň gözli şaýady bolmagyň özem uly bagtdyr. Taryh üçin uzak bolmadyk döwrüň içinde eziz Diýarymyzda döwlet we jemgyýetçilik gurluşy kämilleşdirildi, giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeler amala aşyryldy. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde jemgyýetiň durnuklylygynyň we abadançylygynyň, onuň dowamly ösüşiniň we hemmetaraplaýyn gülleýşiniň esaslary pugtalandyrylýar.

Okuw maslahaty geçirildi

Üstümizdäki ýylyň 28-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görmegiň çäklerinde dürli mazmunly çäreler giňden ýaýbaňlandyryldy. “Burnebitgazhyzmat” müdirliginiň tehniki wagyz ediş we durmuş maksatly hyzmatlar merkezinde saýlaw möwsüminde geçirilmeli çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda guralan okuw maslahaty hem şolaryň biridir. Oňa Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topardan, welaýat saýlaw toparyndan wekiller hem-de welaýat halk maslahatynyň başlygy, agzalary, etrap, şäher halk maslahatlarynyň başlyklary, olaryň orunbasarlary gatnaşdylar. Işjeň ýagdaýda geçen okuw maslahatynyň dowamynda öňümizde boljak jemgyýetçilik-syýasy çäräni guramaçylykly geçirmek baradaky meselä aýratyn üns berildi, saýlaw kanunçylygyna laýyklykda saýlaw möwsüminde alnyp barylmaly işler, degişli resminamalary ulanmagyň tertibi, saýlawlary guramagyň beýleki kanunçylyk düzgünleri babatda giňişleýin gürrüň edildi. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda demokratik, hukuk we dünýewi döwletimizde täze, iki palataly parlament gurluşynyň döredilmeginiň döwlet häkimiýet edaralarynyň netijeli işini üpjün etmekde ähmiýetiniň uludygyny, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda demokratik özgertmeleri çuňlaşdyrmak we

Düzgünleri berjaý edeliň!

Raýatlar tarapyndan ýaşaýyş jaýlarynda we iş orunlarynda ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň berk we düşünjeli berjaý edilmegi, ot ýakmagyň, elektrik we gaz akymy bilen işleýän enjamlary oturtmagyň, ulanmagyň kadalary dogry ýerine ýetirilende, döräp biljek ýangynlaryň öňüni almak bolar. Ýyladyjy peçleriň we olaryň tüsseçykarlarynyň dogry ýerleşdirilmegi, çagalaryň ot bilen oýnamaklarynyň öňüniň alynmagy bu işde aýratyn ähmiýetli orna eýedir. Ýangyny söndürenden, onuň öňüni almak has aňsatdyr we bähbitlidir. Şunda iň bir kiçijik uçgundan hem uly ýangynlaryň döräp bilýändigini ýatda saklamalydyr. Entek gyş paslynyň dowam edýän şu günlerinde hojalyklarda öýleri ýyly saklamak üçin tebigy gaz bilen işleýän peçlerden peýdalanylýar. Şunda şol gaz peçlerini oturtmagyň we ulanmagyň «Durmuşda gazy howpsuz ulanmagyň kadasynyň» talaplaryna laýyk gelmegi hökmany talapdyr.

Mähremlik

Mylaýymlyk, mähremlik, göwündeşlik, sypaýylyk — goşgy ysly, gulaga juda hoş ýakýan sözler. Bularyň aňyrsynda türkmeniň aýratyn üns berýän adamkärçilik diýen düşünjesi dur. Il-gün islendik adamy şu düşünje boýunça saldarlap görýär, baha berýär. Adam ýagty jahanda ýaşap ýörkä, durmuş ýollarynda örän köp kişi bilen sataşýar. Olaryň arasynda merdi-de, namardy-da bardyr. Ýöne adamyň ýasawy şeýledir: ol özüniň ädimini sanap gezen bigänäni ýatlap ýörmez — şonuň derejesine çenli peselmegi kiçilik biler; emma özüne gadyrly garan, ýagşylyk eden ynsany weli, hergiz, unutmaz. Men şu ýerde şahyr Kerim Gurbannepesowyň ýatlamasyny mysal getirmegi makul bildim: «Bir gezek Gara Seýitliýew bilen Bakuwda bolanymyzda, myhmanhananyň peçleri wagtlaýyn işlemeýän eken. Gije örän sowuk boldy. Her haýsymyz otagyň bir tarapynda ýeke gat odeýalyň aşagynda oýaly-ukuly çugutdyryp ýatyrdyk.

Arizona tolkuny

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň demirgazygynda ýerleşýän daglar adaty daglardan tapawutlanýarlar. Çägeden we daşdan ybarat gaýalaryň şekilleri täsindir. Daglar dürli reňkleri bilenem haýran galdyrýar. Tolkun şekilli gaýalar daş gatyşykly çäge deňzini ýadyňa salýar. Olar “Arizona tolkuny” diýlip atlandyrylýar. Uzak ýyllaryň dowamynda ýagan ýagşyň güýçli akymlary we beýleki tebigy hadysalar dag jynslaryny taraşlap, öz möhürlerini goýupdyr. Mundan başga-da, gaýalaryň ýüzünde dürli nagyşlar emele gelipdir. Tebigatyň gaýtalanmajak keşbini saklamak üçin bu ýerlerde adam elleri bilen gurlan ýollar, binalar ýok. Daglaryň käbir ýerlerinde ösümlikler asla duş gelmeýär. Garaguşlardan, içýanlardan, kelpezelerden başga haýwanlara gabat gelmek kyn. Dagyň ýüzüne nagyş çeken tolkunlar ençeme kilometre uzalyp gidýär. Hünärmenler daglardaky tolkunly şekilleriň, takmynan, 190 million ýyl mundan ozal dörändigini aýdýarlar.

Özbek nakyllary

Goňşyň toý etse, sen-de gapyňy açyp goý. *  *  *