Derwaýys meselelere garaldy

3 Fewral 2021
1100

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylyna gadam basan türkmen halky Beýik Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyny mynasyp garşylamak maksady bilen döredijilikli zähmet çekýär. Şeýle tutumly işlerde telekeçilerimiziň saldamly goşantlaryny ýatlaman bolmaz. Olar diňe bir ýurdumyzda haryt bolçulygyny döretmek bilen çäklenmän, harytlaryny we önümlerini daşary ýurtlara ibermekde- -de uly tagallalary edýärler.

Golaýda Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň mejlisler jaýynda geçirilen maslahat hem ýokarda ýatlan meselämize bagyşlandy. Maslahaty TSTP-niň welaýat komiteti we Mary welaýat gümrükhanasy bilelikde guradylar. Oňa TSTP-niň welaýat komitetiniň işgärleri, işjeň agzalary, telekeçiler hem-de welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçylary gatnaşdylar. Işjeň ýagdaýda geçen maslahatda welaýat gümrükhanasynyň müdiriniň orunbasary, podpolkownik Baýramgeldi Annaýew, şu gümrükhananyň gümrük gözegçiligi bölüminiň müdiri, maýor Maksat Agajanow, TSTP-niň welaýat komitetiniň başlygy Täzegül Jumadurdyýewa, “Miweli ülke” hususy kärhanasynyň hünärmeni Agamyrat Döwletmyradow çykyş etdiler. Olar hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda gazanylýan üstünlikler barada durup geçdiler. Soňky ýyllarda welaýatymyzyň telekeçileriniň ýokary hilli we bäsleşige ukyply harytlarydyr önümlerini daşary bazarlara çykarmakda bitirilýän işler dogrusynda gürrüň etdiler. Telekeçiler welaýat gümrükhanasynyň işgärleri bilen sazlaşykly işläp, daşary ýurtlara eksport edilýän önümlerdir harytlaryň möçberini artdyrmak bilen bagly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.