Aziýanyň göwher gaşy

3 Fewral 2021
994

Bu gün durmuşyň dürli ugurlarynda ösüş-özgerişlere beslenen mähriban Watanymyzyň paýtagty Aşgabady görmäge göz gerek. Belent başly binalaryň gözel keşbi, ajaýyp şertleri diňe bir ildeşlerimizi däl, eýsem, myhmanlaryň kalbynda-da gözelligiň göwheri bolup, ýakymly duýgulary oýarýar. Gözellik bolsa ynsanlaryň göwnüni galkyndyrýar, kalbyny ajaýyp duýgulardan doldurýar. Şeýle gözel görnüş şirin dilli şahyrlaryň ýüreginde döredijilik joşgunyny döredýär. Şahyrlarymyzyň mähriban Watanymyzy, onuň merjen paýtagty Aşgabady wasp etmedigi az bolsa gerek.

Hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen geçen sanlyja ýyllaryň içinde gurlan täsin ýaşaýyş jaýlarydyr mekdepler, çagalar baglarydyr edara-kärhanalaryň belent binalary, sport, medeniýet toplumlary özboluşly gözelligi, döwrebap şertleri bilen ünsüňi özüne çekýär. Mähriban paýtagtymyzyň örän owadan hem belent myhmanhanalary diňe bir biziň raýatlarymyzy däl, eýsem, bu ýere gelýänleriň her birini haýran galdyrýar. Ýaşyl öwsüp oturan arçalaryň, täsin gülleriň gyş paslynda-da öz gözelligi bilen paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň ruhuna ruh, şatlygyna şatlyk goşýar. Adamyň ruhy belent bolanda, daş-töweregi tebigy gözellikler bilen gurşalanda, onuň şähdaçyk bolmagyna, has döredijilikli zähmet çekmegine itergi berýär. Paýtagtymyzyň «Arkadag» binasy, «Abadançylyk», «Ak bugdaý» binalary, «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkezi, şeýle hem «Älem» medeni-dynç alyş merkezi, «Aşgabat» seýilgähi, özboluşly Halkara howa menzili, «Ýyldyz» myhmanhanasy ýaly ençeme kaşaň hem belent binalar gözelligiň täsin nusgasy bolup kalplara dolýar.

Muhammetaly REJEPOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby.