Mähremlik

3 Fewral 2021
955

Mylaýymlyk, mähremlik, göwündeşlik, sypaýylyk — goşgy ysly, gulaga juda hoş ýakýan sözler. Bularyň aňyrsynda türkmeniň aýratyn üns berýän adamkärçilik diýen düşünjesi dur. Il-gün islendik adamy şu düşünje boýunça saldarlap görýär, baha berýär.

Adam ýagty jahanda ýaşap ýörkä, durmuş ýollarynda örän köp kişi bilen sataşýar. Olaryň arasynda merdi-de, namardy-da bardyr. Ýöne adamyň ýasawy şeýledir: ol özüniň ädimini sanap gezen bigänäni ýatlap ýörmez — şonuň derejesine çenli peselmegi kiçilik biler; emma özüne gadyrly garan, ýagşylyk eden ynsany weli, hergiz, unutmaz. Men şu ýerde şahyr Kerim Gurbannepesowyň ýatlamasyny mysal getirmegi makul bildim: «Bir gezek Gara Seýitliýew bilen Bakuwda bolanymyzda, myhmanhananyň peçleri wagtlaýyn işlemeýän eken. Gije örän sowuk boldy. Her haýsymyz otagyň bir tarapynda ýeke gat odeýalyň aşagynda oýaly-ukuly çugutdyryp ýatyrdyk.

Amanmyrat KIÇIGULOW,
«Balkan».