Bagbanlaryň gyş aladalary

3 Fewral 2021
867

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban Watanymyz hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen barha özgerip, ösüşleriň belent sepgitlerine ýetdi. Üstünlikli amala aşyrylýan beýik özgertmeler paýtagtymyzy bagtyýarlyk mekanyna öwürdi. Jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini yzygiderli alyp barýan, sport bilen meşgullanmakda bütin halkymyza nusgalyk görelde bolýan, ýurdumyzda ekologiýa medeniýetini ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýän Gahryman Arkadagymyz gözel paýtagtymyzy bu ugurlarda nusgalyk şähere öwürdi. Paýtagtymyzyň arassaçylygy, abadançylygy, bagy-bossanlygy biziň her birimiziň buýsanjymyz. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny uly zähmet üstünliklerine besleýän, işine ussat bagbanlarymyz ýetip gelýän şanly baýramlara şu günlerden uludan taýýarlyk görýärler.

Berkararlyk etrabynyň Bagçylyk müdirligine degişli bolan bagbanlar toparlary arassalaýyş, abadanlaşdyryş, baglary timarlaýyş işlerini üstünlikli alyp barýarlar. Olar ýetip gelýän ýaz paslynda ösýän gülleri ekmäge-de ýerleri taýýarlaýarlar. Ezber elli bagbanlar özlerine berkidilen köçeleri, şaýollary, seýilgähleri, edara-binalaryň daş-töweregini arassalap, bag nahallaryny oturdýarlar, gyş gülleriniň idegini ýetirip, ösdürýärler.

Güljahan ŞAHBERDIÝEWA,
«Aşgabat».