Düzgünleri berjaý edeliň!

3 Fewral 2021
1069

Raýatlar tarapyndan ýaşaýyş jaýlarynda we iş orunlarynda ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň berk we düşünjeli berjaý edilmegi, ot ýakmagyň, elektrik we gaz akymy bilen işleýän enjamlary oturtmagyň, ulanmagyň kadalary dogry ýerine ýetirilende, döräp biljek ýangynlaryň öňüni almak bolar. Ýyladyjy peçleriň we olaryň tüsseçykarlarynyň dogry ýerleşdirilmegi, çagalaryň ot bilen oýnamaklarynyň öňüniň alynmagy bu işde aýratyn ähmiýetli orna eýedir.

Ýangyny söndürenden, onuň öňüni almak has aňsatdyr we bähbitlidir. Şunda iň bir kiçijik uçgundan hem uly ýangynlaryň döräp bilýändigini ýatda saklamalydyr. Entek gyş paslynyň dowam edýän şu günlerinde hojalyklarda öýleri ýyly saklamak üçin tebigy gaz bilen işleýän peçlerden peýdalanylýar. Şunda şol gaz peçlerini oturtmagyň we ulanmagyň «Durmuşda gazy howpsuz ulanmagyň kadasynyň» talaplaryna laýyk gelmegi hökmany talapdyr.

Mergen MERGENOW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky Ýangyn howpsuzlygy müdirliginiň müdiriniň orunbasary, içerki gullugyň maýory.