Edep bir täçdir

3 Fewral 2021
929

Ynsany bezeýän ajaýyp häsiýetleriň biri onuň edebidir. Ata-ene perzentlerini terbiýeli, süňňi halal, päk ahlakly, adamkärçilikli, Watana wepaly, zähmetsöýer, ar-namysly edip ýetişdirmek üçin uly alada edýär. Bu geçmişde-de şeýle bolupdyr. Nusgawy edebiýatymyza ser salanymyzda, olaryň ençemesiniň öwüt-ündew äheňlidiginden çen tutsaň, munuň şeýledigine aňryýany bilen göz ýetirýärsiň. Olardan miras galan bu asylly gymmatlyklarymyz häzirki bagtyýar döwrümiziň buýsançly, gujurly, asylly ýaşlaryna ýol görkezijidir. Bu mukaddes ýörelgede sagdyn jemgyýet, kämil döwlet, abadan ojak bitewüligi jemlenýär. Edep-ekram, arassa ahlaklylyk maşgalanyň berkliginiň görkezijisi bolupdyr. Terbiýeli, sagdyn ruhly maşgala bolsa, jemgyýetiň, döwletiň daýanjy bolup durýar.

Näme üçindir, edep-ekram hakynda söz açanymyzda, ilki bilen, Aý ýüzli, şirin sözli zenanlarymyz göz öňüne gelýär. Türkmen zenanlarynyň ajaýyp keşbi asyrlarboýy halkymyzyň aýawly garaýan mukaddesligi bolup gelipdir. Olar taryhyň ähli döwürlerinde-de özleriniň asyllylygy, mähribanlygy, maşgalasyna wepalylygy, eliniň çeperligi bilen saýlanypdyrlar. Olar gerek ýerinde erkekler bilen deň durup, ata Watany, ene topragy, milletiň ar-namysyny goramakda gaýduwsyzlyk görkezipdirler. «Oguznama», «Gorkut ata», «Görogly» ýaly eserlerimizde zenan akylynyň, paýhasynyň, wepalylygynyň ajaýyp nusgasyna göz ýetirmek bolýar. «Gorkut ata» eposyndaky ene duýgusy, ene söýgüsi bilen oglunyň ýagdaýyny syzan we ene süýdüniň keramaty bilen ogluny ölümden halas eden Burla hatyny, zalym Kiri dyza çökeren Tumary, Togrul bege hemişe hemaýatly sözleri, paýhasy bilen ýardam eden Altynjan hatyny, meşhur «Görogly» şadessanyndaky Aýsoltany, boljak-geljegi Görogla duýduryp oturan Agaýunusy taryhy we edebi şahslar hasaplamak bolar. Bulardan başga-da, maşgala ojagynyň abat, asuda bolmagynda zenan akyly, zenan paýhasy ertekilerdir rowaýatlara siňip, terbiýeçilik mekdebine öwrülen gahrymanlaryň keşbi hem edep-terbiýäniň gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýandygyny görkezýär.

Leýli GURBANOWA,
"Nesil".