Kalbymyzyň aýdymy

3 Fewral 2021
1281

Garaşsyzlyk türkmen halkyny diňe bir milli bitewülige däl, ruhy bitewülige-de eýe etdi. Bu mukaddeslik biziň her birimiziň kalbymyzyň aýdymyna öwrüldi. Garaşsyz ýurduň raýaty, ýurtda bolýan şeýle beýik özgerişleriň gözli şaýady bolmagyň özem uly bagtdyr.

Taryh üçin uzak bolmadyk döwrüň içinde eziz Diýarymyzda döwlet we jemgyýetçilik gurluşy kämilleşdirildi, giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeler amala aşyryldy. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde jemgyýetiň durnuklylygynyň we abadançylygynyň, onuň dowamly ösüşiniň we hemmetaraplaýyn gülleýşiniň esaslary pugtalandyrylýar.

Nedirmämmet AŞYROW,
Türkmenbaşy etrap kazyýetiniň kazyýet ýerine ýetirijisi.