Arizona tolkuny

3 Fewral 2021
1265

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň demirgazygynda ýerleşýän daglar adaty daglardan tapawutlanýarlar. Çägeden we daşdan ybarat gaýalaryň şekilleri täsindir. Daglar dürli reňkleri bilenem haýran galdyrýar. Tolkun şekilli gaýalar daş gatyşykly çäge deňzini ýadyňa salýar. Olar “Arizona tolkuny” diýlip atlandyrylýar. Uzak ýyllaryň dowamynda ýagan ýagşyň güýçli akymlary we beýleki tebigy hadysalar dag jynslaryny taraşlap, öz möhürlerini goýupdyr. Mundan başga-da, gaýalaryň ýüzünde dürli nagyşlar emele gelipdir. Tebigatyň gaýtalanmajak keşbini saklamak üçin bu ýerlerde adam elleri bilen gurlan ýollar, binalar ýok. Daglaryň käbir ýerlerinde ösümlikler asla duş gelmeýär. Garaguşlardan, içýanlardan, kelpezelerden başga haýwanlara gabat gelmek kyn. Dagyň ýüzüne nagyş çeken tolkunlar ençeme kilometre uzalyp gidýär.

Hünärmenler daglardaky tolkunly şekilleriň, takmynan, 190 million ýyl mundan ozal dörändigini aýdýarlar.