Okuw maslahaty geçirildi

3 Fewral 2021
1382

Üstümizdäki ýylyň 28-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görmegiň çäklerinde dürli mazmunly çäreler giňden ýaýbaňlandyryldy. “Burnebitgazhyzmat” müdirliginiň tehniki wagyz ediş we durmuş maksatly hyzmatlar merkezinde saýlaw möwsüminde geçirilmeli çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda guralan okuw maslahaty hem şolaryň biridir. Oňa Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topardan, welaýat saýlaw toparyndan wekiller hem-de welaýat halk maslahatynyň başlygy, agzalary, etrap, şäher halk maslahatlarynyň başlyklary, olaryň orunbasarlary gatnaşdylar.

Işjeň ýagdaýda geçen okuw maslahatynyň dowamynda öňümizde boljak jemgyýetçilik-syýasy çäräni guramaçylykly geçirmek baradaky meselä aýratyn üns berildi, saýlaw kanunçylygyna laýyklykda saýlaw möwsüminde alnyp barylmaly işler, degişli resminamalary ulanmagyň tertibi, saýlawlary guramagyň beýleki kanunçylyk düzgünleri babatda giňişleýin gürrüň edildi. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda demokratik, hukuk we dünýewi döwletimizde täze, iki palataly parlament gurluşynyň döredilmeginiň döwlet häkimiýet edaralarynyň netijeli işini üpjün etmekde ähmiýetiniň uludygyny, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda demokratik özgertmeleri çuňlaşdyrmak we ösdürmek boýunça tutumly işleriň durmuşa geçirilýändiginiň ýene bir subutnamasy boljakdygy aýratyn nygtalyp geçildi. Eziz Diýarymyzy ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän milli ýörelgeler esasynda demokratik ösüş ýoly bilen ynamly öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri aýdyldy. 

Muhammetmyrat ÖWEZOW,
«Balkan».