"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Bagtly çagalygyň mekany

Hormatly Prezidentimiz güneşli Diýarymyzda maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak we bu ugurlary kanunçylyk taýdan üpjün etmekden başlap, iň oňat dünýä tejribelerine laýyk kämilleşdirmek babatda dünýä nusgalyk işleri durmuşa geçirýär. Arkadag Prezidentimiziň döwlet syýasatynda ileri tutýan wezipeleriň biri çagalaryň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge, olaryň şahsyýet hökmünde kemala gelmegi we ukyplaryny ýüze çykarmaklary üçin turuwbaşdan ähli şertleri döretmäge gönükdirilendir. Ýurdumyzda türkmen halkynyň ýokary ruhy ýörelgelerine eýerilmek bilen, ilatyň, şol sanda durmuş goraglylygyna mätäç çagalara hukuk kepillikleriniň, ykdysady we durmuş çäreleriniň toplumyny öz içine alýan goldaw berilýär hem-de çagalaryň her biri mähir, söýgi bilen gurşalýar. Olaryň bagtyýarlygyň gujagynda ilhalar perzentler bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Ak mekdebe ilkinji gadamlaryny basanlarynda, birinji synp okuwçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan döwrebap kompýuterler sowgat berilýär. Bu bolsa ýaş nesliň çagalykdan häzirkizaman tehnologiýalara kämil erk edip, sowatlylyk derejesini çuňlaşdyrmagyny, bilimler dünýäsine taýýarlykly barmagyny üpjün edýär. Häzirki eşretli zamanamyzda çagalaryň ýüzlerindäki ýylgyryş, gözlerindäki uçgun Gahryman Arkadagymyzyň hossarlyk aladalary bilen güneşli ülkämizde olaryň arzuwlarynyň we göwün islegleriniň wysala gow

Adam hukuklary mizemezdir

Ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynyň taryhyna ser salanymyzda, amala aşyrylýan özgertmeleriň her biriniň kanuny binýadynyň goýulýandygynyň, ösüşleriň her döwrüne laýyk gelýän kanunlaryň kabul edilýändiginiň şaýatlary bolýarys. Olaryň ählisi Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyk getirilýär. Ykdysadyýetiň, medeni-durmuş ulgamynyň çalt depginlerde ösmegi bolsa Esasy Kanunymyza hem üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny alan gününden soň Baş Kanunymyza ençeme gezek üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegi, rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi Esasy Kanunymyzyň döwrüň talaplaryna laýyk gelmegini şertlendirdi. «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion Kanunynyň kabul edilmegi bolsa döwleti we jemgyýeti dolandyrmagyň täze tapgyryna badalga berdi. Konstitusion özgertmeleriň ähli döwürlerinde hem bir ýörelgä — raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramaga ygrarly bolup gelindi. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary we Halk Maslahatynyň agzalary bilen geçirilen birinji bilelikdäki mejlisinde eden çykyşynda hormatly Prezidentimiz bu barada: «Ýurdumyzyň Esasy Kanuny biziň milli tejribämize, halkara hukugyň kadalaryna laýyk gelmegini göz öňünde tutýan ähli hukuklary we azatlyklary kepillendirýär» diýip belledi we raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramagyň mi

Gözelligi dünýä nusgalyk şäher

Aşgabat ýaly owadan şäherde ýaşamagyň, onuň barha gözelleşýän keşbiniň kemala gelşini her gün synlamagyň özi uly bagt. Gahryman Arkadagymyzyň giň gerimli tutumlarynyň arasynda paýtagtymyzy döwrümiziň iň gözel hem ýaşamak üçin amatly bolan şäherleriniň birine öwürmek, dünýäniň meşhur paýtagtlarynyň hataryna goşmak maksady aýratyn saýlanýar. Berkarar ýurdymyzyň paýtagty Aşgabadyň kemala gelen döwrüniň taryhy gadymyýete uzaýar. Gadymy Nusaýyň gündogar tarapynda düýbi tutulan Aşgabat bu gün görlüp-eşidilmedik tizlik bilen özgerýär hem ösýär. Aşgabadyň ýerleşýän ýeriniň ynsan ýaşaýşy hem-de baý ösümlik dünýäsi üçin juda amatly tebigy şertlere eýedigi sebäpli Nusaý we Aşgabat sebitleri türkmeniň buýsanjy bolan gamyşgulak ahalteke bedewleriniň ýetişdirilýän mekany bolupdyr. Aşgabat tebigatyň iň ajaýyp künjekleriniň birinde ýerleşip, bu ýerde ösümlikleriň juda köp görnüşini ösdürip ýetişdirmek mümkin.

Bitewiligiň mizemez nyşanlary

Hepdäniň sişenbe güni welaýat häkimliginde bolan maslahat Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanyldy. «Baýdak we Konstitusiýa mizemez agzybirligimiziň, bitewiligimiziň, parahatçylygymyzyň nyşanlary» diýlip atlandyrylan maslahat welaýat häkimligi, TDP-niň welaýat komiteti, TAP-nyň welaýat komiteti, TKA-nyň welaýat birleşmesi, TZB- -niň welaýat bölümi hem-de TMÝG-niň welaýat geňeşi tarapyndan guraldy. Maslahata Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň we habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Bu ýerde, ilki bilen, Türkmenistanyň hormatly il ýaşulysy Hezretguly Öwlüýägulyýew, Baýramaly şäherindäki 3-nji orta mekdebiň halypa mugallymy Akjagül Babakulyýewa çykyş edip, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döwletli işleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini buýsanç bilen bellediler.

Garaşsyz diýarym — toýly mekanym

Garaşsyzlyk ýyllarynda ata Watanymyz dürli ugurlarda — — syýasatda, medeniýetde, senagatda, oba hojalygynda uly ösüşleri gazandy. Bu günki gün Türkmenistan döwletimiz sebitde ylalaşdyryjy merkeze öwrülip, parahatçylygyň we dostlugyň, ruhubelentligiň, sportuň, sagdynlygyň ýurdy hökmünde halkara abraýy has-da artýar. Garaşsyzlyk ata-babalarymyzyň özbaşdak döwlet bolmak baradaky arzuwynyň amala aşmagyna mümkinçilik berdi. Merdana halkymyzyň özbaşdak döwet bolmak baradaky arzuwy 1991-nji ýylyň güýzünde hasyl bolup, Garaşsyz türkmen döwletini emele getirdi. Üstümizdäki — Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzy gazananymyza 30 ýyl dolýar.

Ýaş nesliň aladasy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ähli ulgamlar bilen bir hatarda ylym-bilim ulgamy hem üns merkezinde saklanylýar. Ýaş nesilleriň ylym-bilimli, edep-terbiýeli bolup ýetişmekleri ugrunda bimöçber aladalar durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda Diýarymyzyň ähli künjeklerinde döwrebap mekdepler gurlup, ulanylmaga berilýär. Olar häzirki döwrüň talabyna eýerýän tehnologiýalar bilen üpjün edilýär. Sakarçäge etrabyndaky 14-nji orta mekdepde başlangyç synp mugallymy bolup işleýän Täzegül Kössekowa 2001-nji ýylda Marynyň H. Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebini tamamlady. 2007- -nji ýyldan bäri ýokarda ady agzalan mekdepde mugallymçylygyny dowam edýär. T. Kössekowa işe başlan gününden halypa mugallymlardan görelde aldy. Şeýlelikde, baý iş tejribesini toplan Täzegül mugallym başlangyç synplaryň okuwçylaryna bilim-terbiýe bermekde, olary Watana wepaly ýaşlar edip ýetişdirmekde yhlasly zähmet çekýär.

«Ýaşyl» şäher — ýaşaýyş

Hormatly Prezidentimiz «Ak şäherim Aşgabat» atly kitabynda: «Aşgabat dünýäniň ykdysady taýdan ösen, medeni taýdan ýokary derejeli, iň gözel şäherleriniň biri» diýip belleýär. Bu onuň ýaşaýjylaryň medeniýetinde we «ýaşyl» şäher hökmünde paýtagtymyzyň abraýyny has-da belende götermek ugrundaky ekologiýa çärelerine işjeň goşulmagynda hem aýdyň görünýär. Mälim bolşy ýaly, Konstitusiýada her bir adamyň jany we saglygy üçin amatly daşky gurşawa hukugy kepillendirilýär. Paýtagtymyzyň 140 ýyllygy mynasybetli Aşgabat şäheriniň häkimligi we jemgyýetçilik guramalary tarapyndan ekologiýa çäresiniň yglan edilip, awtoulaglaryň hereketiniň çäklendirilmegi, düýn bolsa milli Liderimiziň gatnaşmagynda köpçülikleýin welosipedli ýörişiň geçirilmegi halkymyzyň saglygy we bagtyýarlygy hakyndaky aladadan nyşandyr.

Gözelligiň gözleginde

Döredijilikli çemeleşme islendik ugurda-da zerurdyr welin, geýinmek, egin-eşik saýlamak babatda onuň orny başgaça. «Gözellik — on, dokuzysy — don» diýen halk pähimine eýerýän türkmen zenanlary hemişe-de ajaýypdan-ajaýyp lybaslary, milli egin-eşiklerindäki keşdedir nagyşlaryň sünnäliligi bilen göreniň gözüni egläpdir. Häzirki zaman şertlerinde ykdysadyýetiň ähli ugurlarynyň barha ösüp-özgermegi netijesinde, ýeňil senagatyň aýrylmaz bölegi bolan dokma we tikinçilik pudagynyň önümlerine-de islegdir talap örän ýokarlanýar. Şoňa görä-de, bu gün ýurdumyzda millilik bilen döwrebaplygy utgaşdyryp, dürli görnüşli lybaslary halka hödürleýän modalar öýleriniňdir telekeçi dizaýnerleriň sany yzygiderli artýar. Baş şäherimiziň — paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi tarapyndan «Bagtyýar zamananyň döwrebap lybaslary» ady bilen yglan edilen baýramçylyk bäsleşigi hem zehinli dizaýnerleri ýüze çykaryp, olaryň işe ezberligini we döredijilik ukyplaryny giňden açyp görkezmek üçin nobatdaky mümkinçilik boldy. Ýakynda ady agzalan bäsleşige gatnaşmak hem-de ussat dizaýnerleriň taýýarlan lybaslaryny ýakyndan synlamak islän dokmaçylardyr tikinçiler, telekeçiler, talyp ýaşlardyr žurnalistler, moda dünýäsiniň köp sanly muşdaklary Aşgabadyň Modeller öýüne ýygnandylar. Bu ýerde iki ugur — baýramçylyk we gündelik geýilýän egin-eşi

Paýtagtymyzyň hormatly ýaşaýjylary we myhmanlary!

Aşgabat şäher häkimliginiň we Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň başlangyjy esasynda, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, tebigata aýawly çemeleşmek, arassaçylyk kadalaryny berjaý etmek maksady bilen, 10 — 25-nji maý aralygynda Aşgabat şäherinde möhüm ekologiýa çäresi — awtoulagsyz günler geçirilýär. Awtoulagsyz günlerde awtobuslar, döwrebap taksiler ilata hyzmat edýärler. Şol günlerde şäheriçi gatnaw ilat üçin amatly bolar ýaly, ildeşlerimiz ir sagat 7:00-dan 9:00-a çenli, öýlän sagat 17:00-dan agşam 21:00-a çenli şahsy awtoulaglaryny peýdalanyp bilerler.

Aşgabat — Watanymyzyň ýüregi!

Ýürek buýsanjymyzy beýan edýän makalamyzyň sözbaşysy hökmünde alnan şu ajaýyp sözler milli Liderimiziň çap edilen «Ak şäherim Aşgabat» atly täze kitabynyň many-mazmunyny has-da çuňlaşdyrýan jümledir. Bilşimiz ýaly, bu kitap eziz Diýarymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy we gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli çap edilip, halkymyza gowuşdy. Gahryman Arkadagymyzyň täze eseri dünýäde iri megapolis hökmünde tanalýan hem-de «Aziýanyň merjeni», «Parahatçylyk şäheri», «Aziýanyň Ženewasy», «Merkezi Aziýanyň ýüregi» diýen ýaly buýsandyryjy häsiýetlendirmelere mynasyp bolan baş şäherimize bagyşlanan. Kitabyň girişinde we sözsoňusynda, şeýle hem «Aşgabatda ak arzuwlar amala aşýar», «Göwni açygyň — ýoly açyk», «Aşgabat — dünýä binagärliginiň merjeni», «Toýlar toýa ulaşýar» atly bölümlerinde hormatly Prezidentimiz eziz paýtagtymyza bolan söýgüsini we buýsanjyny juda çeper, guwandyryjy sözler bilen beýan edýär. Çap edilen täze eserde Aşgabadyň soňky ýyllarda ýeten üstünlikleri, ýokary sepgitleri hakynda, şeýle hem paýtagtymyzyň döwrebap keşbini emele getirýän dürli ugurlary barada gürrüň edilýär. Olaryň arasynda ykdysadyýet, senagat, medeniýet, binagärlik, şähergurluşyk, ýolgurluşyk, ulag-kommunikasiýa, energiýa üpjünçiligi, öňdebaryjy tehnologiýalar, innowasiýalar, sanly ulgam, bilim, ylym, saglygy goraýyş, sport, syýahatçylyk, ekologiýa,

Bitaraplyk - milli ýörelgelerimiziň özeni

Ykbal türkmeni XX asyryň aýagynda goşa bagtyň eýesi etdi. Bu goşa bagty özüniň goşa ganatyna öwren milletimiz mukaddes Garaşsyzlygyny göwün guşuna, hemişelik Bitaraplygyny baky bagtyna deňäp, gören-eşideni haýrana goýýan belentlikleri nazarlady. Milletimize baky bagtyýarlygy peşgeş beren, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni esaslandyryjy Gahryman Arkadagymyz bilen bu gün halkymyz eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşaýar, döredýär, gurýar. Bu bagtyýar döwranyň sakasynda döwlet Garaşsyzlygymyz bilen hemişelik Bitaraplygymyz durandyr. Çünki hemişelik Bitaraplyk diýmek baky parahatçylyk diýmekdir, baky parahatçylyk diýmek bolsa, nesillere asuda asmany, parahat Zemini, erkana ýaşaýşy müdimilik miras goýmak diýmekdir. Hemişelik Bitaraplyk halkyň bagtyýarlygynyň, ýurduň berkeýänliginiň, döwlet berkararlygynyň, Garaşsyzlygyň berk binýadynyň kepili bolup ýürekleriň töründen orun aldy. Diňe şu taryhy we durmuş hakykatynyň özi-de hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyzyň watandaşlarymyzyň her biri üçin näderejede gymmatlydygyny, mukaddesdigini aýdyň görkezýän görkezijidir.

Garaşsyzlyk gudraty Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda

Ata-babalarymyzyň köpasyrlyk arzuwyny wysala ýetirip, mukaddes Garaşsyzlygymyzy gazananymyzdan soň, Türkmen döwleti ösüşiň milli ýoly bilen öňe sary ynamly gadam urup ugrady. Agzybirligi, asudalygy, jebisligi täze döredilen dünýewi, demokratik döwletiň berklik binýady hökmünde kabul eden halkymyz tiz mahaldan «Ozal akan ýerden akarmyş aryk» diýen nakylyň müň keren mamladygyny, ýagny geçmişde köpsanly beýik döwletleri guran halkymyzyň ýene-de öz döwletini dünýä nusgalyk derejä ýetirip biljekdigini Ýer ýüzüne mälim etdi. Milli Liderimiziň ählihalk saýlawlary esasynda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmegi bilen döwletimiz asudalykda, agzybirlikde köpugurly ykdysadyýetini barha berkidýän, bedew bady bilen ösýän, geljegi has röwşen ýurt hökmünde bütin dünýäniň ykraryny gazandy. Elbetde, Garaşsyz döwletimizde ynsan eli bilen döredilip, dünýäni haýrana goýýan beýik işler Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynyň redaksiýasynyň işgärlerini-de biparh goýmady. Olar soňky ýyllarda häli-şindi gudratlar mekany Türkmenistana gatnamaly boldular. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda bina edilýän her bir desga, geçirilýän täsin waka ginnesçilere gol bulady. Bu günki gün tutuş ýurdumyz boýunça alanyňda-da, döwletimiziň göwher gaşy, ýurdumyzyň ýüregi Aşgabat şäheri boýunça aýratynlykda alanyňda-da Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilen täsinliklerimiz onlarça. Şoňa

Bir supranyň degresinde jemdir dünýä türkmenleri

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda eziz Watanymyz ösüşiň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen öňe barýar. Muňa mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýylynyň dowamynda, aýratyn-da Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza serpaý eden bagtyýarlyk döwründe gazanylan üstünlikleriň, ýetilen belent sepgitleriň mysalynda açyk-aýdyň göz ýetirmek bolýar. Bu taryhy döwürde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, ata Watanymyzyň halkara abraýyny artdyrmak boýunça ajaýyp üstünlikler gazanyldy. Bu üstünlikler belent ynsanperwer ýörelgelerine daýanyp içeri we daşary syýasaty netijeli durmuşa geçirmek, Prezident Maksatnamalaryny üstünlikli amala aşyrmak bilen üpjün edildi. Mälim bolşy ýaly, ynsanperwerlik halkymyzyň gadymdan gelýän ýörelgesidir. Bu ýörelge paýhasly, parasatly ata-babalarymyz tarapyndan yzygiderli kämilleşdirildi we ösdürildi hem-de asyrdan-asyra, nesilden-nesle geçirilip, biziň günlerimize ýetirildi. Häzirki döwürde hem ynsanperwer ýörelgeler halkymyzyň belent ahlagyny hem-de ýokary adamzat gymmatlyklaryny dabaralandyrýar. Bu ýörelgeler ýurduň içinde agzybirligi, asudalygy, abadançylygy üpjün etmäge gönükdirilişi ýaly, daşary syýasatda ýakyn goňşy döwletler, şeýle hem dünýäniň beýleki ýurtlary bilen Birleşen Milletler Guramasynyň çäginde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatn

Aşgabat toý lybasyna beslenýär

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir güni şanly wakalara, göwün galkyndyryjy toý-baýramlara beslenýär. Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyzyň parahatçylygyny, syýasy-ykdysady, medeni-durmuş, ynsanperwer-hukuk ulgamlarda ýeten belent sepgitlerini dabaralandyrýan baýramçylyklar halkymyzda zähmet üstünlikleri, döredijilik sowgatlary, ýokary ruhubelentlik bilen garşylanýar. Şoňa görä-de, toý günleriniň asylly däpleriniň köpöwüşginli şüweleň bilen gurşalmagy we guramaçylykly geçirilmegi üçin taýýarlyk işleri birnäçe aý öňünden başlanýar. Ak arzuwlar edilip ýetilýän şatlykly toý-dabaralaryň hatarynda her ýylyň 25-nji maýynda giňden bellenilip geçilýän Aşgabat şäheriniň güni hem milli senenamamyzda aýratyn orny eýeleýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda merjen paýtagtymyz Aşgabadyň döredilenine 140 ýyl dolýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 24-nji fewralynda paýtagtymyzyň häkimliginde bu toýly günüň zamanabap garşylanmagyna taýýarlyk görmek hem-de Aşgabady mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine bagyşlap maslahat geçirdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz 26-njy fewralda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda, sazlaşykly ösüşi we binagärlik gurluşy babatda halkara derejede ykrar edilen Aşgabadyň durmuşynda we taryhynda möhüm ähmiýeti bolan şanly senäniň çärelerini geçir

Aşgabat — ak arzuwlaryň şäheri

Gözellik, owadanlyk, nepislik hakyndaky söhbet, meger, şu sözden başlanýan bolsa gerek. Sebäbi durkuna aklyk, ýollaryna aýdyňlyk, illerine bagt ýaraşýan Aşgabat gözelligi bilen göreni haýrana goýýar. «Aşgabat, Aşgabat, janym Aşgabat!» diýlip, ýyllar boýy waspy ýetirilen şäheriň tarypy indi gurulýan täze binalary, giň köçeleri, döwrebap köprüleri bilen, öňküden-de belent derejä çykýar.Aşgabat hakynda söhbet gözellik hakyndaky söhbede öwrülýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Ak şäherim Aşgabat» atly täze kitaby bilen tanşanyňda, munuň şeýledigine has-da aýdyň göz ýetirmek bolýar. Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň öň ýanynda çap edilen kitapda paýtagt şäherimiziň täsin gözelligini beýan edýän fotosuratlarda şähergurluşygynyň ajaýyp eserlerini synlamak bolýar. Ynsan göwni hemişe gözellige teşne, gözellikden bolsa asla ganma ýok. Günbe-günden täze, has owadan keşbe girýän paýtagtymyzy synlanyňda guwanjyň goşalanýar. Täze gurulýan, durky abatlanylýan binalardyr desgalar, köçeler, seýilbaglary göreniňde zynaty zyba paýtagtymyzyň görküni has-da artdyrýar. Ýollaryň çatrygynda yzygiderli gurulýan heýkeltaraşlyk desgalary bolsa indi şäher gözelliginiň aýrylmaz bir bölegine öwrüldi. Watansöýüjiligiň nesillere nusga bolup galýan ýörelgeleri bolýar. Berk, täsin, owadan binalar taryhda yz galdyryp, öz döwrüniň döredijilik ýörelgelerini şöhratlandyryp, watansöýüjiligiň nusgasyna öwrülip, n

Aşgabat — köňülleriň buýsanjy

Berkarar döwletimiziň paýtagty Aşgabat şäheri her bir türkmenistanlynyň ýüreginde çäksiz buýsanç, belent söýgi döredýär. Gahryman Arkadagymyzyň ak şäheri Aşgabat parahatçylykly gülläp ösüşleriň mekany bolan ata Watanymyzyň dünýä ýalkym saçýan göwher gaşydyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda gazanylýan uly üstünlikleriň aýdyň görkezijisidir. Häzirki döwürde ak mermere beslenen şäherimiz Aziýanyň merjen şäheri hökmünde tutuş jahanda doly ykrar edildi. Türkmen döwletiniň paýtagty Aşgabat şäheri hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňden görüjilikli syýasatlary netijesinde diňe bir owadan, ýaşaýyş üçin amatly şäher derejesinden has belent derejelere galyp, sebit boýunça möhüm ähmiýetli duşuşyklaryň, maslahatlaryň, medeni, sport çäreleriň geçirilýän merkezine öwrüldi. Merjen şäherimiz Aşgabat dünýäde giňden tanalýan meşhur şäherleriň biridir.

Gözel hem-de mähriban şäher

«Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda gözel ymaratlary ak mermer bilen bezelen Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagyna 140 ýyl dolýar. Ajaýyp şäheriň şanly senesiniň baýramyna türkmen halky uly ruhubelentlik bilen taýýarlyk görýär. Ynsan üçin gurmak, döretmek döwletliligiň nyşany hasaplanylýar. Bu günki günde paýtagtyň ak gaýmak ýaly säherinden dem alyp, ajaýyp görnüşi synlan adamyň döwre bolan buýsanjy artýar. Şu ýerde şahyr Gurbannazar Ezizowyň «Guruň!» atly şygryndan setirleri ýatlasym gelýär: Şäher guruň, penjiresi giň bolsun, Säher Gün şähere başyny egsin.Binasy berk, belent-belent jaýlara Awara durnalaň ganaty degsin.

Aşgabat Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda

Tugum — togabym! Türkmeniň çuň paýhasyndan dörediň,Umytlary hasyl edip, parla sen!Gözelligne älem haýran, serediň,Ulus-iliň bagty bolup, parla sen!

Aşgabadym — göwün şadym

Guwanýarys gözelligňe, görküňe,Aşgabadym — göwün şadym!Buýsanýarys ak mermerden durkuňa,Aşgabadym — göwün şadym! Beslenýändir ajap baýram toýuňa,Şatlyk dolup her köçäňe, öýüňe,Seni synlap ylham dolýar küýüňe,Aşgabadym — göwün şadym!

Parahatçylygyň we döredijiligiň maksatlaryna ygrarlylyk Watanymyzyň ösüşiniň girewidir

Maý aýy ýurdumyz hem-de halkymyz üçin möhüm wakalara beslenýär. Şolaryň hatarynda Oraza aýynda bellenilýän sene — 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 76 ýyllygy, şeýle hem Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet Baýdagynyň güni, Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy hem-de okuw ýylynyň tamamlanmagyny aňladýan «Soňky jaňyň» şanyna geçirilýän baýramçylyk çäreleri bar. Şolaryň her biri, şol sanda geçen hepdäniň wakalary Türkmenistanyň parahatçylygyň we ynsanperwerligiň maksatlaryna ygrarlylygynyň näderejede mäkämdiginiň, mizemezdiginiň aýdyň beýanydyr. Şol maksatlar ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny we halkara abraýyny, mähriban halkymyzyň abadançylygyny pugtalandyrmagyň bähbidine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli başlangyçlaryny amala aşyrmagyň esasynda durýar.