Garaşsyzlyk gudraty Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda

11 Maý 2021
1036

Ata-babalarymyzyň köpasyrlyk arzuwyny wysala ýetirip, mukaddes Garaşsyzlygymyzy gazananymyzdan soň, Türkmen döwleti ösüşiň milli ýoly bilen öňe sary ynamly gadam urup ugrady. Agzybirligi, asudalygy, jebisligi täze döredilen dünýewi, demokratik döwletiň berklik binýady hökmünde kabul eden halkymyz tiz mahaldan «Ozal akan ýerden akarmyş aryk» diýen nakylyň müň keren mamladygyny, ýagny geçmişde köpsanly beýik döwletleri guran halkymyzyň ýene-de öz döwletini dünýä nusgalyk derejä ýetirip biljekdigini Ýer ýüzüne mälim etdi.

Milli Liderimiziň ählihalk saýlawlary esasynda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmegi bilen döwletimiz asudalykda, agzybirlikde köpugurly ykdysadyýetini barha berkidýän, bedew bady bilen ösýän, geljegi has röwşen ýurt hökmünde bütin dünýäniň ykraryny gazandy. Elbetde, Garaşsyz döwletimizde ynsan eli bilen döredilip, dünýäni haýrana goýýan beýik işler Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynyň redaksiýasynyň işgärlerini-de biparh goýmady. Olar soňky ýyllarda häli-şindi gudratlar mekany Türkmenistana gatnamaly boldular. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda bina edilýän her bir desga, geçirilýän täsin waka ginnesçilere gol bulady. Bu günki gün tutuş ýurdumyz boýunça alanyňda-da, döwletimiziň göwher gaşy, ýurdumyzyň ýüregi Aşgabat şäheri boýunça aýratynlykda alanyňda-da Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilen täsinliklerimiz onlarça. Şoňa görä, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli bu meşhur kitapdan orun alan zatlar hakyndaky söhbedimizi tutuş ýurdumyza dahylly wakalar bilen başlasak göwnemakul bolar.

Aşyrgeldi JUMAÝEW,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň raýat hukugy kafedrasynyň dosenti, hukuk ylymlarynyň kandidaty.