Garaşsyz diýarym — toýly mekanym

12 Maý 2021
703

Garaşsyzlyk ýyllarynda ata Watanymyz dürli ugurlarda — — syýasatda, medeniýetde, senagatda, oba hojalygynda uly ösüşleri gazandy. Bu günki gün Türkmenistan döwletimiz sebitde ylalaşdyryjy merkeze öwrülip, parahatçylygyň we dostlugyň, ruhubelentligiň, sportuň, sagdynlygyň ýurdy hökmünde halkara abraýy has-da artýar.

Garaşsyzlyk ata-babalarymyzyň özbaşdak döwlet bolmak baradaky arzuwynyň amala aşmagyna mümkinçilik berdi. Merdana halkymyzyň özbaşdak döwet bolmak baradaky arzuwy 1991-nji ýylyň güýzünde hasyl bolup, Garaşsyz türkmen döwletini emele getirdi. Üstümizdäki — Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzy gazananymyza 30 ýyl dolýar.