Bir supranyň degresinde jemdir dünýä türkmenleri

11 Maý 2021
830

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda eziz Watanymyz ösüşiň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen öňe barýar. Muňa mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýylynyň dowamynda, aýratyn-da Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza serpaý eden bagtyýarlyk döwründe gazanylan üstünlikleriň, ýetilen belent sepgitleriň mysalynda açyk-aýdyň göz ýetirmek bolýar. Bu taryhy döwürde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, ata Watanymyzyň halkara abraýyny artdyrmak boýunça ajaýyp üstünlikler gazanyldy. Bu üstünlikler belent ynsanperwer ýörelgelerine daýanyp içeri we daşary syýasaty netijeli durmuşa geçirmek, Prezident Maksatnamalaryny üstünlikli amala aşyrmak bilen üpjün edildi.

Mälim bolşy ýaly, ynsanperwerlik halkymyzyň gadymdan gelýän ýörelgesidir. Bu ýörelge paýhasly, parasatly ata-babalarymyz tarapyndan yzygiderli kämilleşdirildi we ösdürildi hem-de asyrdan-asyra, nesilden-nesle geçirilip, biziň günlerimize ýetirildi. Häzirki döwürde hem ynsanperwer ýörelgeler halkymyzyň belent ahlagyny hem-de ýokary adamzat gymmatlyklaryny dabaralandyrýar. Bu ýörelgeler ýurduň içinde agzybirligi, asudalygy, abadançylygy üpjün etmäge gönükdirilişi ýaly, daşary syýasatda ýakyn goňşy döwletler, şeýle hem dünýäniň beýleki ýurtlary bilen Birleşen Milletler Guramasynyň çäginde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary ýola goýmaga, berkitmäge, ösdürmäge, hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge, ösüşi üpjün etmäge gönükdirilendir.

Gyrmyzy MAŞADOWA,
Türkmenbaşy şäherindäki ýöriteleşdirilen 10-njy orta mekdebiň ýokary derejeli taryh mugallymy.