Gözel hem-de mähriban şäher

11 Maý 2021
741

«Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda gözel ymaratlary ak mermer bilen bezelen Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagyna 140 ýyl dolýar. Ajaýyp şäheriň şanly senesiniň baýramyna türkmen halky uly ruhubelentlik bilen taýýarlyk görýär. Ynsan üçin gurmak, döretmek döwletliligiň nyşany hasaplanylýar. Bu günki günde paýtagtyň ak gaýmak ýaly säherinden dem alyp, ajaýyp görnüşi synlan adamyň döwre bolan buýsanjy artýar. Şu ýerde şahyr Gurbannazar Ezizowyň «Guruň!» atly şygryndan setirleri ýatlasym gelýär:

Şäher guruň, penjiresi giň bolsun,
Säher Gün şähere başyny egsin.
Binasy berk, belent-belent jaýlara
Awara durnalaň ganaty degsin.

Şähribossan ÖWEZOWA,
«Mugallymlar gazeti».