Ýaş nesliň aladasy

12 Maý 2021
708

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ähli ulgamlar bilen bir hatarda ylym-bilim ulgamy hem üns merkezinde saklanylýar. Ýaş nesilleriň ylym-bilimli, edep-terbiýeli bolup ýetişmekleri ugrunda bimöçber aladalar durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda Diýarymyzyň ähli künjeklerinde döwrebap mekdepler gurlup, ulanylmaga berilýär. Olar häzirki döwrüň talabyna eýerýän tehnologiýalar bilen üpjün edilýär.

Sakarçäge etrabyndaky 14-nji orta mekdepde başlangyç synp mugallymy bolup işleýän Täzegül Kössekowa 2001-nji ýylda Marynyň H. Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebini tamamlady. 2007- -nji ýyldan bäri ýokarda ady agzalan mekdepde mugallymçylygyny dowam edýär. T. Kössekowa işe başlan gününden halypa mugallymlardan görelde aldy. Şeýlelikde, baý iş tejribesini toplan Täzegül mugallym başlangyç synplaryň okuwçylaryna bilim-terbiýe bermekde, olary Watana wepaly ýaşlar edip ýetişdirmekde yhlasly zähmet çekýär.