Parahatçylygyň we döredijiligiň maksatlaryna ygrarlylyk Watanymyzyň ösüşiniň girewidir

11 Maý 2021
774

Maý aýy ýurdumyz hem-de halkymyz üçin möhüm wakalara beslenýär. Şolaryň hatarynda Oraza aýynda bellenilýän sene — 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 76 ýyllygy, şeýle hem Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet Baýdagynyň güni, Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy hem-de okuw ýylynyň tamamlanmagyny aňladýan «Soňky jaňyň» şanyna geçirilýän baýramçylyk çäreleri bar.

Şolaryň her biri, şol sanda geçen hepdäniň wakalary Türkmenistanyň parahatçylygyň we ynsanperwerligiň maksatlaryna ygrarlylygynyň näderejede mäkämdiginiň, mizemezdiginiň aýdyň beýanydyr. Şol maksatlar ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny we halkara abraýyny, mähriban halkymyzyň abadançylygyny pugtalandyrmagyň bähbidine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli başlangyçlaryny amala aşyrmagyň esasynda durýar.

(TDH).