Bitaraplyk - milli ýörelgelerimiziň özeni

11 Maý 2021
986

Ykbal türkmeni XX asyryň aýagynda goşa bagtyň eýesi etdi. Bu goşa bagty özüniň goşa ganatyna öwren milletimiz mukaddes Garaşsyzlygyny göwün guşuna, hemişelik Bitaraplygyny baky bagtyna deňäp, gören-eşideni haýrana goýýan belentlikleri nazarlady. Milletimize baky bagtyýarlygy peşgeş beren, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni esaslandyryjy Gahryman Arkadagymyz bilen bu gün halkymyz eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşaýar, döredýär, gurýar. Bu bagtyýar döwranyň sakasynda döwlet Garaşsyzlygymyz bilen hemişelik Bitaraplygymyz durandyr. Çünki hemişelik Bitaraplyk diýmek baky parahatçylyk diýmekdir, baky parahatçylyk diýmek bolsa, nesillere asuda asmany, parahat Zemini, erkana ýaşaýşy müdimilik miras goýmak diýmekdir.

Hemişelik Bitaraplyk halkyň bagtyýarlygynyň, ýurduň berkeýänliginiň, döwlet berkararlygynyň, Garaşsyzlygyň berk binýadynyň kepili bolup ýürekleriň töründen orun aldy. Diňe şu taryhy we durmuş hakykatynyň özi-de hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyzyň watandaşlarymyzyň her biri üçin näderejede gymmatlydygyny, mukaddesdigini aýdyň görkezýän görkezijidir.

Aýjeren TAGANDURDYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.