Adam hukuklary mizemezdir

12 Maý 2021
658

Ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynyň taryhyna ser salanymyzda, amala aşyrylýan özgertmeleriň her biriniň kanuny binýadynyň goýulýandygynyň, ösüşleriň her döwrüne laýyk gelýän kanunlaryň kabul edilýändiginiň şaýatlary bolýarys. Olaryň ählisi Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyk getirilýär. Ykdysadyýetiň, medeni-durmuş ulgamynyň çalt depginlerde ösmegi bolsa Esasy Kanunymyza hem üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny alan gününden soň Baş Kanunymyza ençeme gezek üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegi, rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi Esasy Kanunymyzyň döwrüň talaplaryna laýyk gelmegini şertlendirdi. «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion Kanunynyň kabul edilmegi bolsa döwleti we jemgyýeti dolandyrmagyň täze tapgyryna badalga berdi.

Konstitusion özgertmeleriň ähli döwürlerinde hem bir ýörelgä — raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramaga ygrarly bolup gelindi. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary we Halk Maslahatynyň agzalary bilen geçirilen birinji bilelikdäki mejlisinde eden çykyşynda hormatly Prezidentimiz bu barada: «Ýurdumyzyň Esasy Kanuny biziň milli tejribämize, halkara hukugyň kadalaryna laýyk gelmegini göz öňünde tutýan ähli hukuklary we azatlyklary kepillendirýär» diýip belledi we raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramagyň milli parlamentiň kanun çykaryjylyk işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer taglymatynyň ýurdumyzyň kanunçylyk ulgamynda hem esasy ýörelge bolup durýandygynyň anyk subutnamasydyr.

Gunça MEŞŞEWA,
welaýat prokurorynyň uly kömekçisi, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.