Bagtly çagalygyň mekany

12 Maý 2021
816

Hormatly Prezidentimiz güneşli Diýarymyzda maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak we bu ugurlary kanunçylyk taýdan üpjün etmekden başlap, iň oňat dünýä tejribelerine laýyk kämilleşdirmek babatda dünýä nusgalyk işleri durmuşa geçirýär. Arkadag Prezidentimiziň döwlet syýasatynda ileri tutýan wezipeleriň biri çagalaryň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge, olaryň şahsyýet hökmünde kemala gelmegi we ukyplaryny ýüze çykarmaklary üçin turuwbaşdan ähli şertleri döretmäge gönükdirilendir.

Ýurdumyzda türkmen halkynyň ýokary ruhy ýörelgelerine eýerilmek bilen, ilatyň, şol sanda durmuş goraglylygyna mätäç çagalara hukuk kepillikleriniň, ykdysady we durmuş çäreleriniň toplumyny öz içine alýan goldaw berilýär hem-de çagalaryň her biri mähir, söýgi bilen gurşalýar. Olaryň bagtyýarlygyň gujagynda ilhalar perzentler bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Ak mekdebe ilkinji gadamlaryny basanlarynda, birinji synp okuwçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan döwrebap kompýuterler sowgat berilýär. Bu bolsa ýaş nesliň çagalykdan häzirkizaman tehnologiýalara kämil erk edip, sowatlylyk derejesini çuňlaşdyrmagyny, bilimler dünýäsine taýýarlykly barmagyny üpjün edýär. Häzirki eşretli zamanamyzda çagalaryň ýüzlerindäki ýylgyryş, gözlerindäki uçgun Gahryman Arkadagymyzyň hossarlyk aladalary bilen güneşli ülkämizde olaryň arzuwlarynyň we göwün islegleriniň wysala gowuşýandygyny alamatlandyrýar.

Maral ANNAMYRADOWA,
Türkmenabat şäherindäki 7-nji «Güller» çagalar bagynyň terbiýeçisi, kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.