Bitewiligiň mizemez nyşanlary

12 Maý 2021
764

Hepdäniň sişenbe güni welaýat häkimliginde bolan maslahat Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanyldy. «Baýdak we Konstitusiýa mizemez agzybirligimiziň, bitewiligimiziň, parahatçylygymyzyň nyşanlary» diýlip atlandyrylan maslahat welaýat häkimligi, TDP-niň welaýat komiteti, TAP-nyň welaýat komiteti, TKA-nyň welaýat birleşmesi, TZB- -niň welaýat bölümi hem-de TMÝG-niň welaýat geňeşi tarapyndan guraldy. Maslahata Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň we habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Bu ýerde, ilki bilen, Türkmenistanyň hormatly il ýaşulysy Hezretguly Öwlüýägulyýew, Baýramaly şäherindäki 3-nji orta mekdebiň halypa mugallymy Akjagül Babakulyýewa çykyş edip, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döwletli işleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini buýsanç bilen bellediler.