Bildiriş

14 Mart 2023
753

Ahal welaýatynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi 2023-nji ýylyň 29-njy martynda Ak bugdaý etrabynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölüminiň Änew şäheriniň Watan köçesiniň 1-nji jaý salgysynda ýerleşýän Ak bugdaý etrap häkimliginiň edara binasynyň kiçi mejlisler jaýynda sagat 10:00-dan 12:00-a çenli boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär we Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän edara-kärhanalary, guramalary, firmalary, kompaniýalary özlerinde eýelenmedik bar bolan boş iş orunlaryny hödürlemeklige çagyrýar.

Işe girmek isleýän raýatlary geçiriljek çärä çagyrýarys. Olar ýany bilen pasportyny we zähmet depderçesini alyp gelmeli.