Guwançly ýyllaryň şamçyragy

14 Maý 2021
862

Hormatly Prezidentimiziň öz halkyna peşgeş beren Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyllary şamçyrag bolup geljegimize şöhle saçýar. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň teklibi bilen “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip atlandyrylan ýylymyzyň hem şeýle ýyllaryň hataryndadygy guwandyrýar. Milli Liderimiziň döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna daýanyp ýöredýän öňdengörüjilikli daşary syýasaty parahatçylyk söýüjilikli, hoşniýetli goňşuçylyk we özara ynanyşmaga esaslanýan aýdyň ýoly rowaç alýar.

Şanly ýylymyzyň ýene bir aýratynlygy bolsa, taryhy wakalaryň şatlyk-şowhuna beslenjekdigidir. Ak şäherimiz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň barha golaý gelýän 140 ýyllygynyň toý-dabarasy il-günümiziň guwanjyna guwanç goşýar. Milli Liderimiziň ýadawsyz tagallasy bilen merkezi şäherimiziň meşhurlygy dünýä dolýar. Bu guwançly seneden soň milli buýsanjymyza öwrülen Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň uly toýuna taýýarlyk işleri has-da rowaçlanar. Bu bolsa toýlary toýlara ulaşýan türkmen halkyny ýeňişli menzillere, eşretli günlere ruhlandyrýar.