Agzybirligiň, asudalygyň, jebisligiň esasy

13 Maý 2021
919

Demokratik, hukuk we dünýewi döwlet bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda hormatly Prezidentimiziň parasatly, öňdengörüjilikli, ynsanperwer syýasaty netijesinde jemgyýetimiziň we döwletimiziň demokratik ýörelgelerini hem-de hukuk esaslaryny pugtalandyrmak, her bir raýatyň syýasy, ykdysady, durmuş hukuklaryny üpjün etmek ýokary derejede amala aşyrylýar. Bu işler halkymyzyň asylly däpleriniň umumy ykrar edilen halkara ýörelgeleri bilen sazlaşygynda alnyp barylýar. Türkmenistanyň Döwlet baýdagy — bu türkmen halkynyň agzybirliginiň, jebisliginiň, ýurt asudalygynyň nyşanydyr. Al-asmanda pasyrdaýan Döwlet baýdagymyz — bu ata Watanymyzyň, ene topragymyzyň ezizligini, mähribanlygyny, elmydama goraglylygyny alamatlandyrýar. Şu ýyl türkmen halky agzybirlikde, asudalykda we bagtyýarlykda, Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk toýuny, gözel Aşgabadymyzyň 140 ýyllyk şanly senesiniň baýramçylygyny dabaraly belleýär. Ýurdumyz döwlet Garaşsyzlygyna eýe bolanyndan soň, ýagny 1992-nji ýylyň 19-njy fewralynda «Türkmenistanyň Döwlet baýdagy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi.

Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda we 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda kabul edilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Rezolýusiýalary bilen ykrar edildi. Şeýle-de türkmen halkynyň asyrlarboýy parahatçylyksöýüji däp-dessurlaryna esaslanýan Bitaraplyk Türkmenistanyň döwlet nyşanlarynyň keşbinde ebedileşdirildi.

Seýdi JUMAÝEW,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň agzasy.