Baýramçylyk dabarasy dag aşdy

10 Maý 2021
667

Güneşli Diýarymyzyň çar künjeginde bolşy ýaly, 1941 — 1945-nji ýyllaryň Watançylyk urşunda gazanylan Beýik Ýeňşiň baýramçylygy biziň welaýatymyzda-da giňden bellenilip geçildi. Beýik Ýeňşiň 76 ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk çäreleri şatlyk-şowhuna beslendi. Munuň özi Watan üçin şirin janlaryny gurban eden gahrymanlarymyza, tylda gije-gündiz tutanýerli zähmet çeken ildeşlerimize goýlan belent sarpa boldy.

Şeýle baýramçylyk çäreleriniň biri Mary şäherindäki Baş baýdak meýdançasynda-da şatlyk-şagalaňa beslendi. Toý lybasynda bezelen meýdançada medeniýet we sungat ussatlary çykyş etdiler. Aýdymçy-sazandalaryň şirin owazly aýdym-sazlary alyslara aşsa, tansçylaryň şowhunly tanslary baýramçylyk dabarasynyň şowhun-şatlygyny artdyrdy. Dabaraly çärede ata Watan, Garaşsyzlyk, Beýik Ýeňşiň guwançly waspy aýdym-sazlaryň belent owazy bilen ýetirildi. Bu dabara oňa gatnaşanlarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.