Eziz diýar toýa barýar

10 Maý 2021
804

Dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulan ata Watanymyzda bagtyýar halkymyz üçin şanly baýramymyz bolan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimiziň Konstitusiýasynyň hem-de Döwlet baýdagynyň baýramy welaýatymyzyň ähli ýerinde aýdym-sazly dabaralara beslenýär. Parahatçylygyň, asudalygyň, abadançylygyň, erkanalygyň şuglasynyň nyşany bolan mukaddeslikler biz — ýaşlarda Watanymyza bolan buýsanjymyzy artdyrýar. Çünki, eziz Diýarymyzyň parahatçylygynyň, abadançylygynyň, erkanalygynyň, bagtyýarlygynyň alamaty bolan ýaşyl Baýdagymyz asuda asmanda pasyrdaýar.

Bagtyýarlyk zamanamyzda Konstitusiýamyz hem-de Baýdagymyz halkymyzyň söýgüsi, milli buýsanjydyr. Pederlerimiziň paýhasyndan dörän, ruhy siňen Baýdagynyň ýaşyl reňki türkmeniň gözel tebigatyny, gül-pürçüge beslenen eziz Diýarymyzy beýan edýär. Türkmen halkynyň buýsanjy nyşany bolan Döwlet baýdagymyz arassa asmanda, baky abadançylygyň bolup parlaýar.