Garaşsyzlyk parahatlyk ýalkymy, goý, ýaňlansyn bagtyýarlyk aýdymy

10 Maý 2021
871

Golaýda Wekilbazar etrap medeniýet öýüniň mejlisler jaýynda Marynyň Ýolaman Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň guramagynda mekdebiň hasabat konserti geçirildi. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda geçirilen bu hasabat konserti “Garaşsyzlyk parahatlyk ýalkymy, Goý, ýaňlansyn bagtyýarlyk aýdymy” diýlip atlandyryldy. Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen bu hasabat konserti ýokarda ady agzalan mekdebiň talyp ýaşlarynyň ýürek joşgunlaryny açyp görkezdi.

Dabaraly konsertiň dowamynda talyp ýaşlaryň ýerine ýetirmeginde türkmen halk aýdym-sazlary bilen bir hatarda Garaşsyzlygymyzyň hem-de ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň waspy belentden ýaňlandy. Şeýle hem häzirki ýazyjy-şahyrlaryň sözlerine döredilen şirin aýdymlar bilen kompozitorlaryň döreden joşgunly sazlary konserte aýratyn öwüşgin çaýmak bilen kalplary ganatlandyrdy. Dutarçylar toparynyň çalan türkmen halk sazlary, şeýle hem fortepianoçylardyr skripkaçylaryň ruhubelentlik bilen çalan şirin sazlary hasabat konsertiniň özboluşly bezegine öwrüldi.