Aşgabat — Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda

9 Maý 2021
725

Ýurdumyzyň ýüregi bolan ak şäherimiz Aşgabat barada söhbet edilende, ynsanyň ömürboýy hemra edinýän ak arzuwlary ýadyňa düşýär. Şeýle bolmazça-da däl. Çünki ak arzuwlara meňzeş paýtagtymyzyň ähli künjegi ak mermere beslenip oturan belent binalary, suw çüwdürimleri, döwrebap desgalary bilen görenleri haýrana goýýar. Ylaýta-da, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, Aşgabat şäheriniň arhitektura — binagärlik gurluşy düýbünden diýen ýaly özgerdildi. Şoňa görä-de, mermer paýtagtymyz dünýäde iň owadan, arassa, ak mermerden bina bolan şäher hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi.

Biz hem 140 ýaşy toýlanýan paýtagt şäherimiziň toýly günleriniň öň ýanynda onuň Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna giren binalarynyň käbirleri dogrusynda gysgaça durup geçmegi makul bildik.

Taýýarlan Altyn BAÝRAMDURDYÝEWA,
«Bereketli toprak».