Beýik Ýeňşiň dabaralary

9 Maý 2021
686

Ýurdumyzda her ýylyň 9-njy maýynda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni dabaraly bellenilip geçilýär. Çünki merdana, watansöýüji türkmen halkynyň bu şöhratly Ýeňşiň gazanylmagynda goşan goşandy örän uludyr. Munuň özi ata-babalarymyzyň merdanalygyny, batyrlygyny, watansöýüjiligini aýdyň beýan edýär. Şeýle hem pähimdar pederlerimiziň dost-doganlyga, parahatçylyga belent sarpa goýýandyklaryny aýratyn bellemek gerekdir. Şeýle gymmatlyklary sarpalaýan we Beýik Ýeňşiň gazanylmagyna uly goşant goşan ata-babalarymyza çuňňur buýsanýarys, olaryň öňünde baş egýäris.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Beýik Ýeňşiň 76 ýyllygy bilen baglanyşykly Türkmenistanyň halkyna we uruş weteranlaryna iberen Gutlagynda hem örän buýsançly sözler aýdylýar: «Ýeňiş güni mynasybetli, uruş weteranlaryna, şeýle hem uruşda wepat bolanlaryň ýanýoldaşlaryna sowgatlary gowşurýarys. Kalbymyzy şatlyk-joşguna, ruhubelentlige besleýän bu çäreler ýurdumyzda her bir adamyň döwlet tarapyndan uly alada bilen gurşalyp alnandygyny, mertebesiniň belentdigini aýdyňlygy bilen ykrar edýär».

«Mugallymlar gazeti».