Ak şäheriň belent waspy

9 Maý 2021
793

Geçen anna günki sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriniň netijelerine bagyşlanan mejlisinde Gahryman Arkadagymyz bagtyýar halkymyza ýene-de bir şatlykly habary ýetirdi. Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, «Ak şäherim Aşgabat» atly kitabyny ýazyp tamamlandygyny aýtdy. Şeýle hem eziz Watanymyzyň ýüregi bolan mermer paýtagtymyzyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň at-abraýyny hem-de dünýä bileleşigindäki ornuny görkezýän merkezdigini, ýokary medeniýet ulgamy bolan, ykdysady taýdan ösen, iň owadan şäherleriň biridigini, paýtagtymyzyň keşbiniň diňe bir tebigy baýlyklarynyň köp görnüşli bolmagy bilen däl-de, eýsem, döwürleriň köpdürlüligi bilen hem sazlaşykly utgaşýandygyny milli Liderimiz paýhasly belledi.

Aşgabat taryhy geçmişiň merkezidir. Biz onuň taryhyna, şanly geçmişine hormat goýýarys. Ýazuw çeşmelerinde paýtagtymyzyň 140 ýyllyk taryhy baradaky maglumatlar saklanyp galypdyr, ýöne Köpetdagyň çeşmelerinden suwarylan bu toprakda ýaşaýşyň has irki döwürlerde hem bolandygy gürrüňsizdir diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. Şeýle hem gözel şäherimiziň milli öwüşginli taryhy, medeni gymmatlyklary özünde jemleýän dürli desgalaryny döretmek ugrunda köp tagallalary edýändigimizi we serişde gönükdirýändigimizi aýtdy. Merjen paýtagtymyzyň 140 ýylyň dowamynda taryhyň kyn we çylşyrymly pursatlaryny başdan geçirendigini, aşgabatlylaryň hiç wagt tutuş halkymyzyň egnine düşen kynçylyklardan çetde durmandygyny, şatlykly günlerde-de, hasratly pursatlarda hem halkymyzyň has jebisleşendigini Gahryman Arkadagymyz belledi.

Polat ŞYHBERDIÝEW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy.