Gözellige beslenýän Aşgabat

9 Maý 2021
816

Gözellige beslenýän paýtagtymyz ajaýyp köşkleri, belent binalary, desgalary bilen eziz Diýarymyzyň ykdysady ösüşiniň, gurluşyk pudagynyň ýeten beýik derejesiniň nusgasy hökmünde öňdebaryjy üstünlikleri we asyrlarboýy dowam eden milli binagärligiň däplerini özünde jemleýär.

Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde dünýä belli gözel Aşgabat biziň her birimiziň iň söýgüli şäherimize öwrülip, gün-günden gülläp ösýär. Zeminiň iň owadan şäherlerine mahsus bolan binagärlik sungatynyň döwrebap we kämil aýratynlyklaryny, halkymyzyň milli we ruhy gymmatlyklaryndan gözbaş alýan täsin binagärlik medeniýetini özünde jemleýän ak mermerli paýtagtymyz gözelligiň hem ajaýyplygyň şäherine öwrüldi. Aşgabat diňe gözelligiň we ajaýyplygyň däl, eýsem, bagtyýarlygyň hem merjen şäheridir. Dünýäniň çar künjeginden gelen syýahatçylaryň, ozaly bilen, ýurdumyzda bolýan bedew batly ösüş-özgerişlere, hususan-da, baş şäherimiz Aşgabatda gurlan binalara, şeýle hem giň gerimde alnyp barylýan gurluşyk işlerine, şol sanda bagtyýar halkymyzyň ýokary ýaşaýyş-durmuş derejesine haýran galýandyklaryny bellemek ýakymlydyr. Şeýle hem ýylyň ähli döwürlerinde gije-gündiz işläp duran suw çüwdürimleriniň owadan görnüşleri paýtagtymyzyň bezeg aýratynlyklarynyň naýbaşysydyr. Agşamlaryna suw çüwdürimlerine düşýän yşyklar paýtagtymyzyň owadan keşbine has-da gözellik çaýýar. Şonda milli Liderimiziň jöwher paýhasyndan, nusgalyk yhlasyndan kemal tapan beýik işlerden we ösüş-özgerişlerden gülleýän, gül açýan, çawy ýedi yklyma dolup, dabarasy dag aşýan jan Watanymyz Türkmenistanyň mermer paýtagtynyň — gözel Aşgabadymyzyň älem içre meşhurdygyna buýsanjyň goşalanýar

Hydyrguly WOHANOW,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň uly mugallymy.