Uruş weteranlaryna sowgatlar gowşuryldy

7 Maý 2021
881

1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda ýurt goragynda edermenlik görkezip wepat bolan gerçekleriň ady ýüreklerde baky ýaşaýar. Uruş weteranlarynyň we tylda zähmet çeken adamlaryň sarpasy belent tutulýar.

Hazar şäheriniň ýaşaýjysy, 95 ýaşly Ildar Wahitow hem şol ýowuz urşa gatnaşyp, Beýik Ýeňşiň gözli şaýady bolan uruş weteranlarynyň biri. Ýeňşiň öň ýanyndaky günlerde Hazar şäher häkimliginiň, şäher harby wekilliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri uruş weteranynyň öýüne baryp, ony baýramçylyk bilen gutladylar hem-de oňa hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmatbahaly sowgady gowşurdylar.

Ejeş Guwanjowa.