­­Gahrymanlara baky tagzym!

5 Maý 2021
762

Düýn Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň we Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetiniň guramagynda Merkezi serkerdeler öýünde dabaraly çäre geçirildi. Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 76 ýyllygy mynasybetli geçirilen çärä uruş we harby gullugyň weteranlary, bagtly durmuşymyzyň goragçylary bolan serkerdelerdir esgerler uly ruhy joşgun bilen gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda her ýylyň 9-njy maýynda şeýle şanly seneleri bellemek bilen, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde uruşda edermenlik görkezip, öz mukaddes borçlaryny mynasyp berjaý eden gahrymanlarymyz sarpalanýar. Bu ýöne ýere däl. Beýik Watançylyk urşuna biziň ildeşlerimiziň hem müňlerçesi gatnaşdy. Olar mukaddes topragymyzyň garaşsyzlygy we halkymyzyň bagtyýarlygy ugrundaky söweşlerde edermenlik görkezdiler.

Şöhrat AMANOW,
maýor.