«Asla ýatdan çykmaz uruş ýyllary, bize nusga gahrymanlaň ýollary!»

5 Maý 2021
967

Ýakynda maýor Şöhrat Muhammetjumaýewyň serkerdelik edýän harby bölüminiň harby gullukçylary bilen, 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 76 ýyllyk baýramy mynasybetli tylda zähmet çeken Annadurdy aganyň öýünde myhmançylykda bolduk. Il sylagly ýaşuly Annadurdy agany Ýeňşiň 76 ýyllyk baýramy bilen gutlap, onuň bilen söhbetdeş bolmak bagty bize miýesser etdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Annadurdy aga: «Uruş diýen zadyň beren yzasy ömrüňe ýoldaş bolýar. Şol ýyllaryň ýowuzlygy henizem ýüregimiň bir künjünde garalyp dur. Ýöne her ýyl Ýeňiş güni golaýlanda, yzalar kiparlap, göwnüň giňäberýär. Kalbymyzy baýramçylyk ruhy gaplap alýar. Şeýle sylag-hormatyň netijesinde özümi juda bagtly duýýaryn» diýip buýsanç bilen belledi.

Soňra Beýik Ýeňşiň 76 ýyllyk baýramy mynasybetli harby bölümimiziň harby gullukçylary bilen ýerli etrap muzeýine, garnizonyň Serkerdeler öýüniň muzeýine gezelençler we medeni ýörişler guraldy. Bu bolsa şahsy düzümiň kalbynda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Çünki merdana Watan goragçylary bu ýerde Beýik Watançylyk urşunda görkezen edermenligi üçin Gahryman diýen belent ada mynasyp bolan ençeme türkmenistanly gerçekleriň görkezen gahrymançylyklary bilen içgin tanyşdylar.

Akmuhammet SÄHETMYRADOW,
çagyryş boýunça harby gullugyň seržanty.