Görki gözel, durky gazal, Aşgabat!

5 Maý 2021
793

Türkmen halkynyň gözbaşyny ençeme ýüzýyllyklardan alyp gaýdýan milli binagärlik sungaty özboluşly ösüş ýoluny geçipdir. Merdana pederlerimiziň binagärlik senedi bu günki gün ösüşiň belent derejelerine eýe boldy. Arkadag Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde Türkmenistanyň çar künjegi, şol sanda ak şäherimiz Aşgabat giň gerimde rowaçlanýan ajaýyp binagärlik keşbi, görenleri haýrana goýýan döwrebap medeni maksatly desgalary, ýaşaýyş-durmuş maksatly ymaratlary bilen tapawutlanýar. Eziz Diýarymyzyň paýtagty Aşgabat şäherindäki ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, gözelligi bilen tapawutlanýan owadan myhmanhanalar, ajaýyp seýilgähler, gül-güläleklere beslenen ak ýollar paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň buýsanjyna, myhmanlaryň guwanjyna öwrülýär.

Garaşsyzlygyny we hemişelik Bitaraplygyny gazanan Diýarymyzyň paýtagty Aşgabat şäherinde 2007-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy, paýtagt şäherimiziň dünýä ýüzündäki şan-şöhratyny, abraý-mertebesini has-da belende galdyrdy. Aşgabat dünýä ýurtlarynyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýýan hem-de pugtalandyrýan, Gündogar bilen Günbataryň medeniýetlerini birleşdirýän köprä öwrüldi. Bir söz bilen aýdanyňda, Aşgabat — halkymyzyň buýsanjyna, dünýä halklarynyň guwanjyna öwrüldi.

Aýna SÖÝEGOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky TMDDI-niň uly mugallymy.